Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Январь
2018

Новости за 07.01.2018

Azathabar.com 

Hytaýda gämi çaknyşygynda 32 adam ýitirim boldy

Hytaýyň gündogar kenarynda nebit tankeri bilen ýük gämisiniň çaknyşmagy netijesinde, 32 adam ýitirim boldy. Hytaýyň transport ministrliginiň beren maglumatyna görä, çaknyşykdan soň 274 metrlik nebit tankerinde dörän ýangyndan soň, 30 eýranly we iki bangladeşli ýitirim bolupdyr. Wakada tankerdäki 136 müň tonna nebit kondensaty hem döküldi. Ministrlik ýük gämisindäki 21 hytaýlynyň halas edilendigini hem mälim etdi. Eýran kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýan panamanyň “Sançi” nebit tankeri Günorta Koreýa tarap barýardy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Putin prawoslaw hristiýanlaryny Roždestwo bilen gutlady

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin prawoslaw hristiýanlaryny we ähli russiýalylary, Ýuliýan kalendary boýunça bellenilýän, Roždestwo baýramy bilen gutlady. Kremliň metbugat-edarasynyň ýaýradan beýanatynda Putiniň Roždestwonyň “millionlarça ynanýanlara şatlyk we umyt getirýändigi” barada aýdan sözleri getirilýär. Putin gutlagynda Prawoslaw Hristiýan Kilisesiniň “jemgyýetde ahlak pikirleri ornaşdyrmakda, ýetişip gelýän nesili terbiýelemekde we sosýal meseleleri çözmekde uly goşant goşandygyny” hem belledi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Tramp belli şertlerde Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen gürleşmäge taýýardygyny aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Doland Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen telefon arkaly gepleşmäge meýillidigini mälim etdi. “Men elmydama gepleşikleriň tarapynda” diýip, ol Kamp Dawide žurnalistlere aýtdy. Trampdan onuň “Kiçi raketa adamjygy” diýip, häsiýetlendiren şahsyýeti bilen gürleşmek islegi barada soralanda, ol: “Elbetde. Meniň üçin hiç hili mesele ýok” diýip, jogap berdi. Emma, Tramp munuň üçin aýdyňlaşdyrylmadyk käbir şertleriň hem gerek boljakdygyny sözüne goşdy. Bu baradaky... Читать дальше...

Azathabar.com 

Malaýziýa MH370 uçarynyň gözlegleri üçin şahsy kärhanany tutdy

Malaýziýanyň hökümti mundan dört ýyl ozal ýitirim bolan MH370 ýolagçy uçarynyň böleklerini tapmak ugrunda şahsy bir kompaniýany hakyna tutdy. Malaýziýanyň Transport ministrligi düýbi Teksasda ýerleşýän Ocean Infinity kärhanasy bilen ylalaşyk baglaşmaga görkezmäniň berlendigini mälim etdi. Kompaniýa gözleg işlerini aşyrar, şeýle-de oňa töleg diňe uçaryň böleklerini tapan halatynda ediler. Kuala Lumpurdan Pekine uçuşy amala Boeing 777 uçary 2014-nji ýylyň 2-nji martynda ýitirim bolupdy. Onuň bortunda 239 ýolagçy bardy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýran: Ýer titremede 21 adam ýaralandy

Eýranyň günbataryndaky Kermanşah welaýatynda dörän 5,1 bal derejesindäki ýer yranmasynda azyndan 21 adam ýaralandy. Ýarym resmi ISNA habarlar gullugynyň beren maglumatyna görä, tebigy hadysanyň episentri, Tährandan 520 km uzaklykda ýerleşýän, aglaba kürtleriň ýaşaýan Sarpol-e Zahab sebitinde bolupdyr. Döwlet mediasy wakada ýaralanan iki adamyň keselhana ýerleşdirilendigini, beýlekileriň hem gerekli medisina kömegi berlenden soň goýberilendigini habar berdi. Geçen noýabrda bu sebite golaý regionda bolan ýer titremede azyndan 600 adam ölüp... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *