Region görnüşleri #19
AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar.
AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar.
Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan we özleriniň daşary ýurda goýberilmeýändigini öňe sürýän raýatlar bilen bir hatarda Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlary türkmen resmileriniň Ženewadaky çykyşyna uly seslenme bildirip, hakykat ýüzünde Türkmenistandaky ýagdaýyň düýpgöter başgaçadygyny öňe sürýärler.
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Tähranyň Ýadro ylalaşygyndan çykýandygyny yglan edenden soň, Pekine sapar edip, ýokary derejeli hytaý resmileri bilen gepleşikleri geçirýär.
Fransiýa dynç günleri Parižde adamlary pyçaklamakda esasy aýyplanýanyň 1997-nji ýylda Çeçenistanda doglan, fransiýanyň raýatydygyny mälim etdi. Resmiler şübheli barada başga goşmaça maglumat bermediler. Şenbe güni eli pyçakly hüjümçi 29 ýaşly bir adamy öldürdi, başga-da dört adamy ýaralady. Polisiýa hüjümçini atyp, öldürdi. Ýekşenbe güni güman edilýän hüjümçiniň ene-atasy, terrorizm derňewleriniň çäginde, polisiýa soraga çagyryldy. “Yslam döwleti” ekstremistik topary güman edilýäniň özüniň “esgeri” bolandygyny öňe sürdi. Читать дальше...
Eýranyň sudy “Yslam döwleti” toparynyň parlamentde we Aýatolla Ruhollah Homeiniň mawzoleýinde amala aşyran hüjümleri bilen ilteşikli sekiz adamy ölüm jezasyna höküm etdi. 2017-nji ýylyň iýunynda amala aşyrylan hüjümlerde 18 adam heläk bolupdy. Bu hüjümler bilen ilteşikli ýene-de 18 adam suduň hökümine garaşýar. Eýran hüjümlerde öldürilen bäş jeňçiniň we janyndan geçenleriň Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” toparynyň hatarynda söweşendiklerini hem mälim etdi.
Özbegistanda oppozisiýa we adam hukuklary aktiwisti, dört ýyl türme tussaglygyndan soň, azat edildi. Hukuk goraýjy guramalar Fahriddin Tillaýewiň syýasy matlap bilen tussag edilendigini aýdypdylar. “Erk” partiýasynyň aktiwisti Tillaýewiň azat edilmegi ýurduň täze prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň reformalary geçirmek wadalarynyň yz ýanyna gabat geldi. Şeýle-de, bu Mirziýoýewiň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen 16-njy aprelde geçirmeli duşuşygynyň öňýanynda bolup geçdi. 46 ýaşly Tillaýew Azatlyk... Читать дальше...
Bu ýylky “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi Ysraýyl boldy. Ysraýylly aýdymçy Netta Barzilai özüniň “Oýunjak” diýen aýdymy bilen ilkinji ýeri eýelemegi başardy. Ikinji oruny Kipr, üçünji ýeri hem Awstriýa aldy. Geçen ýyl Kiýewde geçirilen “Ýewrowideniýede” portugaliýaly aýdymçy Salwadar Sobralyň ýeňiş gazanandygy sebäpli, bu ýylky bäsleşik Portugaliýada geçirildi. Barzilainiň ýeňişi netijesinde, 2019-njy ýylda “Ýewrowideniýe” Ysraýylda geçiriler. “Ýewrowideniýe” ilkinji gezek 1956-njy ýylda geçirilipdi. Читать дальше...
Indoneziýanyň Surabaýa şäherinde üç kilisä amala aşyrylan bomba hüjümlerde azyndan dokuz adam öldi, başga-da 40-a golaýy ýaralandy. Ýerli polisiýanyň berýän maglumatyna görä, Santa Mariýa kilisesine janyndan geçeniň biri hüjüm edipdir. Ol partlamada heläk boldy. Şäheriň beýleki iki kilisesine hüjüm eden jeňçileriň ykbaly häzirlikçe näbelli bolmagyna galýar. Hüjümleriň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady. Emma, ýurduň aňtaw resmileri hüjümleriň arkasynda ekstremist yslamçy “Jemaat Anşarud Daulah” toparynyň durandygyny çaklaýarlar.