Türkmenistanda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça topar döredildi
Resmi maglumata görä, bu topar ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen döredilipdir.
Soňky aýlaryň dowamynda ýurduň dürli künjeginde ýagan dowamly ýagyşlaryň galla hasylyna ýaramaz täsir ýetirendigi barada maglumatlar gowuşýar.
Geçen ýyl Türkmenistan bugdaý plan borçnamasyny doly berjaý edip bilmedi.