Aşgabadyň döwlet dükanlarynda şeker we tüwi her ele çäkli möçberde satylýar, uzyn nobatlar döreýär
Paýtagt Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän “Teke bazaryň” döwlete degişli azyk haryt dükanlarynda şeker we tüwi döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan diňe çäkli möçberde satylýar. Olary satyn almak üçin ýerli ýaşaýjylar ir ertirden nobata durýarlar.