Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Февраль
2019

Новости за 19.02.2019

Azathabar.com 

ABŞ-nyň ýörite wekili Owganystany jebisleşmäge çagyrdy

Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad owganlary 17 ýyl bäri dowam edýan urşy soňlamak üçin edilýän synanyşyklar barha ýygjamlaşýan häzirki wagtda oňuşmazlyklary goýmaga we agzybirlige çagyrdy.

Azathabar.com 

Türkmenistanda bankomatdan puly nagtlaşdyrmak boýunça 'hyzmatlaryň' görnüşleri artýar

Türkmenistanda ilatyň plastik kartlaryndan pul çekmekdäki kynçylyklarynyň  fonunda puly nagtlaşdyrmaga ýardam boýunça 'hyzmatlaryň' görnüşleri artýar.  "Türkmenistanyň Alternatiw täzelikleri" neşriniň habar bermegine görä, banklaryň işgärleri we sakçylary müşderileriň öz kartlaryndan islendik möçberde pul çekmäge rugsat berýärler. Bu "hyzmatyň" bahasy 5-10 manada barabar, diýip neşir belleýär.  Türkmenistanda býujet işgärleriň zähmet haklary, ilatyň pensiýalary we döwlet tarapyndan berilýän kömek pullary plastik kartlara geçirilýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmen türgeni gylyçlaşmak boýunça altyn medaly aldy

Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen ýetginjekleriň we kadetleriň arasyndaky Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak Konfederasiýasynyň açyk çempionatynda türkmenistanly türgen Jumanazar Döwletnazarow altyn medaly aldy. 17-nji fewralda tamamlanan çempionata 50 türgen, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň saýlama toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak Konfederasiýalary geçen ýylyň noýabrynda döredildi.

Azathabar.com 

Pakistan Hindistan bilen gepleşiklere çagyrýar

Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan Kaşmir sebitinde hindi esgerleriniň ölümine getiren janyndan geçeniň hüjümine Yslamabadyň hiç hili dahylynyň ýokduguny aýdyp, iki ýurduň arasyndaky dartgynlygy gowşatmak üçin gepleşikleriň ýeke-täk ýoldugyny belledi. Khan Hindistanyň “hiç hili delilsiz Pakistana aýyplama bildirendigini”, şeýle-de öz hökümetiniň Kaşmirdäki hüjümi derňemek üçin Nýu-Deli bilen işleşmäge taýýardygyny aýtdy. “Pakistanyň muňa goşulandygyna yşarat edýän nähilidir bir esasly deliliňiz bar bolsa, onda ony biziň bilen paýlaşyň. Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýran bombaly hüjüm bilen ilteşikli alty adamy tussag edendigini aýdýar

Eýran geçen hepde Sistan-Bulujystan welaýatynda Rewolýusiýa sakçylaryna garşy amala aşyrylan bombaly hüjüm bilen ilteşikli alty adamy tussag edendigini mälim etdi. 13-nji fewralda janyndan geçen hüjümçi içi partladyjyly ulagy awtobusyň üstüne sürüp, sakçylaryň 27 agzasyny öldüripdi. Bu Eýranyň howpsuzlyk güýçlerine garşy amala aşyrylan iň ganly hüjüm hökmünde häsiýetlendirildi. Rewolýusiýa sakçylary Sarawan we Khaş şäherlerinde “terrorist” diýip atlandyran üç adamyň saklanandygyny aýtdylar. Sistan-Bulujystan... Читать дальше...

Azathabar.com 

Litwanyň baş diplomaty: ÝB-niň Russiýa garşy girizen sanksiýalary “käte juda kiçi, käte-de gaty giç”

Litwanyň daşary işler ministri Linas Linkewiçius Ýewropa Bileleşiginiň Russiýanyň Ukrainadaky ýagdaýlary durnuksyzlaşdyrmak hereketlerine jogap edip Moskwa garşy girizýän sanskiýalaryň “kähalatda juda kiçidigini, kähalatlarda bolsa gaty giçdigini” aýtdy. Linkewiçius bu barada Brýusselde Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda belledi. Brýusselde ÝB-niň daşary işler ministrleri Ukrainadaky ýagdaýlary maslahat edýärler. ÝB Russiýanyň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alanyndan, şeýle-de... Читать дальше...

Azathabar.com 

Kaýirdäki partlamada hüjümçidigi öýdülýän, iki polisiýa ofiseri öldi

Müsüriň paýtagty Kaýiriň eteginde ýüze çykan partlamada janyndan geçen hüjümçidigi öýdülýän we iki polisiýa ofiseri öldi. Içeri işler ministrligi Al-Ažar metjidiniň golaýynda ýüze çykan wakada başga-da iki polisiýa işgäriniň ýaralanandygyny mälim etdi. Maglumata görä, partlama howpsuzlyk güýçleriniň geçen hepde Kaýirdäki metjitleriň biriniň golaýynda partladyjyny ýerleşdirmekde güman edilýäni ele salmak üçin geçiren operasiýasynyň dowamynda döräpdir. 15-nji fewralda polisiýa şol bombany zelelsizlendirmegi başarypdy. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *