Lebapda ekilen gowaçanyň 'sorty' onuň hasyllylygyny ‘peseltdi’. Pagtaçylar bilen wagtynda ‘hasaplaşylmaýar’
Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky çeşmeleri we habarçylary bu ýyl regionda pagtanyň hasyllylygynyň pes bolandygyny habar berýärler.
Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky çeşmeleri we habarçylary bu ýyl regionda pagtanyň hasyllylygynyň pes bolandygyny habar berýärler.
Lebabyň býujet işgärleri, hususan-da, aýal-gyzlary welaýatyň çäklerinde geçirilýän köpçülikleýin çärelerde kemsitmelere sezewar edilip, paýyş sözleri eşitmäge mejbur bolýarlar.
Mary welaýat çagalar hassahanasyna ýiti içagyry bilen kesellän çagalar köp getirilip başlandy diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde 30-njy sentýabrda habar berdi.
Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlara okamaga gitjek ýaşlara ummasyz maddy çykdajy etdirip, ähli resminamalaryny taýýarladýarlar we soňra-da Aşgabadyň halkara aeroportundan uçara goýbermeýärler diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň biri aýdýar.
Moskwanyň Şäher Sudy aktýor Pawel Ustinowyň 3,5 ýyl türme tussaglyk möhletini bir ýyl şertli tussaglyga üýtgetdi. Bu şu ýylyň tomsunda demokratik protestleriň dowamynda tussag edilenlere çykarylan hökümlere garşy dörän tankytlaryň fonunda bolup geçdi. 30-njy sentýabrda sud Ustinowyň iki ýyl synag möhletinde boljakdygy barada hem höküm çykardy. Ustinow we onuň aklawçysy, awgust aýynda geçirilen ýörişiň dowamynda hukuk goraýjy ofiserine hüjüm edendigi aýdylyp çykarylan hökümiň adalatsyz bolandygyny aýdyp, doly aklanmagyny soradylar. Читать дальше...
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özüniň syýasy garşydaşyny derňemek boýunça Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskä basyş edendigi barada şikaýat eden habar berijä gyjalat atyp, özüniň “aýyplaýjysy” bilen duşuşmak isleýändigini aýtdy. 29-njy sentýabrda Tramp sosial ulgamlarynda habar berijini “meniň aýyplaýjym” atlandyryp, onuň bilen duşuşmak isleýändigini aýtdy. Şeýle-de, ol habar berijä “bikanun ýagdaýda bu maglumatlary beren şahsyýet” diýip atlandyran adam bilen hem duşuşmak isleýändigini aýtdy. Читать дальше...
ABŞ-nyň Florida ştatynda iki adamy öldürendigi üçin gözlenilýän Birleşen Ştatlaryň ozalky esgeri ukrain türmesinden boşadylyp, öý tussaglygyna ýerleşdirildi. Häzirlikçe ABŞ-nyň onuň ekstradisiýa edilmegi boýunça tagalla edip-etmejekdigi nämälim. Kraig Lang Ukrainanyň sagçy ýarym-harby toparynyň hatarynda söweşipdi, şeýle-de ol 2018-nji ýylda Floridada adam öldürmekde ilteşigi bolan ABŞ-nyň ozalky iki harby weteranynyň biridir. Langyň aklawçysy öz müşderisiniň 28-nji sentýabrda tussaglykdan... Читать дальше...
Ruhanylaryň käbiri Gurhanyň tattulary gadagan edýändigini aýdýar, emma bu Kabuldaky ýaş ýigitleriň köpüsiniň öz bedenini syýa bilen bezemegini togtadyp bilmedi. Tattu hudožnikleriniň biri bu däbiň Owganystanda gadymdan gelýändigini aýdýar. (Azat Owganystan radiosy)
Russiýanyň günorta-günbataryndaky Kolmykiýa regionynyň paýtagty Elistada ýüzlerçe adam şäheriň häkiminiň wezipesini ýerine ýetiriji hökmünde Ukrainanyň gündogaryndaky Kreml tarapyndan goldanylýan separatistleriň ozalky lideriniň bellenmegine garşy ýöriş geçirdiler. 29-njy sentýabrda şäher geňeşiniň başlygy Nikolaý Orzaýew protestçileriň öňüne çykyp, Dmitriý Trapeznikowyň bu wezipä bellenmegini goldajak boldy. Emma, protestçileriň gaharly çykyşlaryndan soň, ol sebiti terk etmäge mejbur boldy. ... Читать дальше...
Saud Arabystanyň täç geýdirilen şazadasy Mohammad bin Salman eger-de halkara jemgyýetçiligi Eýrana babatynda “berk we ygtybarly” durmasa, onda dartgynlylyklaryň has hem ýitileşjekdigini, şeýle-de dünýä nebit nyrhlarynyň “göz öňüne getirip bolmajak derejede” ýokarlanjakdygyny aýtdy. “Eger-de dünýä Eýrany saklamak üçin berk we ygtybarly çäre görmese, dartgynlylyklar has hem ýitileşip, bu dünýäniň bähbitlerine garşy bolar” diýip, täç geýdirilen şazada ABŞ-nyň “60 minut” atly gepleşigine beren interwýusynyň dowamynda aýtdy. Читать дальше...