Belli gazak žurnalisti Taukina aradan çykdy
Taukinanyň ýakynlarynyň we kärdeşleriniň sözlerine görä, ýurduň iň belli žurnalistleriniň biri 26-njy maýda aýdyňlaşdyrylmadyk hassalyk sebäpli ýogalypdyr.
“Taukina öz durmuş ýolunyň dowamynda basyş astyndaky žurnalistlere kömek etdi we [Gazagystandaky] metbugat azatlygynyň ýagdaýy barada dünýä maglumat berdi” diýip, düýbi Stokgolmda ýerleşýän Graždan Hukuklarynyň Goragçylary toparynyň programma ofiseri Muzaffar Süleýmanow özüniň Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.
1990-njy ýyllarda Taukina Gazagystanyň ilkinji garaşsyz radio stansiýalarynyň birinde baş redaktor bolup hem işläpdi.