German prezidenti özbek kärdeşi bilen duşuşýar
Bu saparyň 2016-njy ýylda häkimiýet başyna Mirziýoýewiň geçmegi bilen başladylan reformalara goldaw bermek üçin amala aşyrylýandygy hem aýdylýar. Ozalky özbek awtoritar prezidenti Yslam Kerimow degişlilikdäki izolýasiýa, üzňelik syýasatyny alyp barypdy.
Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch guramasy Steinmeiere ýüzlenip, öz saparynyň dowamynda Mirziýoýewiň “oňaýly özgerişleriniň” “uzyn ýoldaky kiçi ädimler” bolandygyny bellemäge çagyryş etdi.
Mirziýoýew häkimiýet başyna geçip, ýurduň çöken ykdysadyýetini galkyndyrmak, dürli reformalary geçirmek ugrunda hereket edip başlady.