Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Январь
2020

Новости за 28.01.2020

Azathabar.com 

Aşgabadyň bazarlarynda gözegçilik güýçlendirildi

Türkmenistanyň kanun goraýjylary paýtagtyň bazarlarynda gözegçiligini güýçlendirdiler. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary şu günler bazarlarda polisiýa işgärleri bilen bir wagtda güýç edaralaryň raýat geýimli işgärleriniň hem köpelendigini habar berýärler.

Azathabar.com 

Owgan resmisi: “Owganystanda TOPH proýektiniň gurluşygyna ýakyn geljekde başlamak mümkin bolmaz”

Owganystanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan- Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi barada ençeme ýyl bäri gürrüň edilip gelinýär. Bu proýekte gatnaşýan ýurtlaryň Günbatar Owganystandaky Hyrat welaýatynda geçiren ýygnagyndan soňra, bu taslamada ilerleýiş bolar diýen umyt döräpdi. Ýöne şondan bäri bir ýyl gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, TOPH proýektiniň gurluşygy meselesinde owgan topragynda öňe gidişlik bolmady.   “Bu halkara gaz geçirijisiniň taslamasy entegem hyýaly bolmagynda galýar” diýip, ykdysadyýetçi alymlar aýdýarlar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Täjigistanda “Musulman doganlarynyň” agzalary bolmakda şübhelenýän 113 adam tussag edildi

Täjik polisiýasy gadagan edilen “Musulman doganlary” toparynyň agzalary bolmakda şübhelenýän 113 adamy tussag etdi. Baş prokuror Ýusuf Rahmonyň 28-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, şübhelenýänleriň arasynda dürli uniwersitetleriň ýigrimi işgäri we mugallymy, iki daşary ýurtly we Isfara şäheriniň bir resmisi dagy bar. “Topar güýç bilen hökümeti agdaryp, yslam döwletini esaslandyrmagy maksat edinýär. Ol köp ýurtlarda terrorist we ekstremist guramasy hökmünde gadagan edilendir” diýip, Rahmon aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýran satellitini orbita ugratmaga taýýarlanýar

Älemden satellitleriň üsti bilen alnan suratlardan görnüşine görä, Eýranyň öz satellitini orbita uçurmaga taýýarlyk görýändigine çalym edýär. Geçen ýyl Eýranyň bu boýunça eden üç synanyşygy şowsuz tamamlanypdy. ABŞ Eýranyň bu programa duwlanyp, ballistik raketalaryny özleşdirmegi maksat edinýändigini aýdýar. “Hawa, biz Zafar satellitini orbita uçurmaga taýýarlyk görýäris” diýip, Eýranyň Maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary ministri Mohammad Jawad Azari-Jahromi, ABŞ-nyň media serişdelerinde çykan habarlara jogap edip, çykyş etdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Bolgariýada ukrain aktiwistine hüjümi gurnamakda şübhelenýän tussag edildi

Bolgariýanyň sudy 27-nji ýanwarda ukrain raýaty Oleksiý Moskalenkony (Levin), Ukrainanyň Interpoluň üsti bilen yglan eden gyzyl duýduryşyna laýyklykda, 40 gün möhlet bilen tussaglyga hökümet etdi. Ukraina Moskalenkonyň ukrain aktiwistiniň ölümine getiren hüjümi gurnanlaryň biri bolmakda şübhelenýär. Bolgar prokurorlary Moskalenkonyň ekstradisiýa edilmegi boýunça Ukrainanyň baş prokurorynyň orunbasary Wiktor Trepakdan degişli dokumentleriň gowuşandygyny aýtdylar. Bolgar polisiýasynyň maglumatyna görä... Читать дальше...

Azathabar.com 

Hytaýda wirus sebäpli 100 adam öldi; oňa 4 müň 500 adam ýolugdy

Hytaýda täze respirator wirusy sebäpli ölenleriň sany 106 adama ýetdi, şeýle-de muňa ýolugan täze 1 müň 771 ýagdaýyň üsti açyldy diýip, hytaý resmileri 28-nji ýanwarda habar berdiler. 27-nji ýanwardaky ýagdaýa laýyklykda, Hytaý boýunça umumy hasapda 4 müň 515 adam bu wirus bilen keselledi diýip, Milli Saglyk Komissiýasy maglumat berdi. Mundanam başga, dünýä boýunça bu wirusa ýokuşan 48 ýagdaýyň üsti açyldy. Bularyň ählisi ýa hytaý turistleri ýa-da golaýda Hytaýa sapar eden adamlardyr. Bu aralykda Mongoliýa... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ harbylary Owganystanda uçaryň gaçandygyny tassyklady

Owganystanyň gündogarynda ABŞ-nyň harby uçary 27-nji ýanwarda ýere gaçdy diýip, ABŞ-nyň we NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçler mälim etdiler. Şol bir wagtda, munuň garşydaşyň ot açmagy netijesinde ýüze çykandygy barada yşaratyň ýokdugy hem bellenildi. ABŞ-nyň Owganystandaky güýçleriniň metbugat wekili polkownik Sonny Legettiň sözlerine görä, Bombardier E-11A kysymly harby uçar Gazni welaýatynda ýere gaçypdyr, şeýle-de häzirki pursat munuň sebäpleri bilen baglylykdaky derňew işleri geçirilýär. “Uçaryň gaçmagy boýunça derňew dowam edýär. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *