Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Февраль
2020

Новости за 19.02.2020

Azathabar.com 

Türkmenistan daşary ýurtlulary koronawirus barlagyndan geçmäge we tölemäge mejbur edýär

Türkmenistana barýan daşary ýurtlular, hususan-da orsýetliler karantinе salynýar we barlaglaryň çykdajylaryny tölemäge mejbur edilýär. Bu barada Orsýetiň habar çemeleri we garasyz "Türkmen.news" neşri habar berýär.  "Türkmen.news" neşriniň maglumatyna görä, 17-nji fewralda Aşgabada Moskwadan baran Orsýetiň alty raýaty saklanypdyr, olarda koronawirusyň bolmagy güman edilipdir.  "Pasport barlagyndan geçen wagtynda adamlaryň dokumentleri ellerinden alyndy, baranlaryň özlerinden medisina işgärleriniň ýanyna barmak soraldy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Ukrainanyň ewakuasiýa uçary Hytaýa ugrady

Ukrainanyň uçary Hytaýda koronawirusyň episentri bolan Wuhan şäherinden ukrain we daşary ýurtly raýatlary ewakuasiýa etmek üçin ýola düşdi. Uçar ilki Gazagystanyň Almaty şäherinde gonuşy amala aşyrar, ondan soň hem Hubeý welaýatynyň paýtagtyna tarap ugrar. Mundan bir gün öň, Wuhanda 132 adamyň ölendigi habar berildi. Pekin COVID-19 wirusyndan umumy hasapda 2 müň 4 adamyň ölendigini aýdýar. Hytaýda wirusa ýoluganlaryň sany 74 müň 185-e ýetdi. Dünýäniň beýleki döwletlerinde wirus bilen 700 töweregi adamyň keselländigi bellenilýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ-da rus jansyzy bolmakda şübhelenip Meksikanyň raýaty tussag edildi

ABŞ-nyň Maýami sebitinde meksikaly bir raýat rus hökümetiniň resmisiniň görkezmesi esasynda “ABŞ hökümetiniň çeşmesi” diýlip häsiýetlendirilen adamyň ulagynyň yzyna düşüp, onuň baran ýerleri barada rus raýatyna maglumat bermekde şübhelenip tussag edildi. ABŞ-nyň Adalat departamentiniň 18-nji fewralda ýaýradan beýanatynda Hektor Alehandro Kabrera Fuentesiň tussag edilendigi aýdylýar. Emma, onda rus raýatynyň çeşmedigi aýdylýan adamyň näme sebäpden bolan ýerleri we onuň ulagynyň belgisi barada maglumat almak isländigi aýdyňlaşdyrylmaýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Özbek serhetçileri Fergana jülgesinde 13 gyrgyz raýatyny sakladylar

Özbek serhetçileri goňşy Gyrgyzystan bilen araçäkdäki Batken regionynda 13 gyrgyz raýatyny sakladylar. Gyrgyzystanyň Döwlet serhet gorag gullugynyň beren maglumatyna görä, Fergana jülgesindäki Çekelik obasynyň ýaşaýjylary 19-njy fewralda “tötänlik bilen özbek territoriýasyna geçeninden” soňra saklanypdyrlar. “Özbek serhetçileri tarapyndan saklanan gyrgyz raýatlarynyň şahsyýetleri anyklanýar. Olary boşatmak baradaky gepleşikler dowam edýär” diýip, Batken regionynyň Döwlet serhet gorag edarasy aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Owganystandaky prezidentlik saýlawlarynda Ganiniň ýeňiji bolandygy yglan edildi

Owganystanyň saýlaw resmileri geçen ýylky prezidentlik saýlawlarynda häkimiýet başyndaky prezident Aşraf Ganiniň ýeňiji bolandygyny yglan etdiler. Emma, onuň esasy garşydaşy Abdullah Abdullah ses berilişigiň soňky netijeleri bilen ylalaşmady. Garaşsyz Saýlaw Komissiýasynyň 18-nji fewralda beren maglumatyna görä, 28-nji sentýabrdaky saýlawlarda Gani sesleriň 50,64%-ni alyp, bäş ýyl möhlet bilen ikinji gezek prezident saýlanypdyr. Ganiniň 50%-den köp sesleri almagy netijesinde, prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirilmez. Читать дальше...

Azathabar.com 

Putin täsirli kömekçisi Surkowy wezipesinden boşatdy

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin özüniň uzak wagtlyk täsirli kömekçisi Wladislaw Surkowy wezipesinden boşatdy. Mundan öň, birnäçe hepdeläp 55 ýaşly Surkowyň, Moskwanyň Ukraina babatyndaky syýasatyny üýtgetmegi sebäpli, Kremli terk edip biljekdigi barada çaklamalar peýda bolupdy. Putiniň Surkowy wezipesinden aýyrmak baradaky karary 18-nji fewralda Kremliň websaýtynda çap edildi we dessine güýje girdi. Surkow Kiýew bilen Ukrainanyň gündogaryndaky Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistleriň... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *