Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Март
2020

Новости за 22.03.2020

Azathabar.com 

Dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany 13 müňe ýetdi, 300 müňden gowrak adama kesel ýokaşdy

Dünýäde ýüzlerçe million adamyň dynç güni 21-nji martda koronawirus “gulpunyň astynda” başlandy, dünýäde bu keselden ölenleriň sany 13 müňe golaýlady. Bütindünýä Saglyk Guramasy ýaşlara olaryň hem “ýeňilmezek däldigi” barada duýduryş berdi. Tutuş dünýä boýunça bu keselden hasaba alnanlaryň sany 278 müňden aşan mahaly, ýewropa pandemiýanyň merkezi bolmaga dowam etdi. Jons Hopkins uniwersitetiniň 21-nji martdaky sanlaryna görä, iň köp adam Italiýada öldi, 4825 adam, hem-de bu ýurtda kesel ýokaşanlaryň sany 53 müň adamdan aşdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ-nyň kanunçykaryjylary $1 trillion dollarlyk ykdysady halas ediş tölegini tassyklamak babatynda ylalaşyga golaýlaýar

ABŞ Senatynyň iň ýokary respublikan agzasy ýurt boýunça koronawirus pandemiýasy sebäpli dörän zyýanyň öwezini dolmak üçin göreşilýän mahaly, kongresde taraplaryň $1 trillion dollarlyk ykdysady halas ediş tölegi babatynda ylalaşyga golaýlaýandygyny aýtdy. “Biz bu krizisiň talap edýän tizliginde amerikalylara zerur bolan möhüm ýeňillikleri bermäge taýýardyrys” diýip, köplük lideri Miç MakKonnel (Mitch McConnell) iki günlük gyssagly gepleşiklerden soň, 22-nji martda çykyş etdi. “Soňky iki gün bäri... Читать дальше...

Azathabar.com 

Tussag alyşmada boşadylan öňki tussaglar Fransiýa we Eýrana dolandy

Fransiýa we Eýran arasyndaky tussag alyşygynda boşadylan ozalky iki tussag birnäçe aýlyk tussaglykdan soň öz ýurtlaryna dolandy.    Fransiýaly ylmy barlagçy Roland Marçal 21-nji martda Pariže geldi. Ony goldaýan topar “Roland dolandy” diýip, gysga beýanat ýaýratdy. Bu aralykda, ABŞ-da gözlenýän eýranly inžener Jallal Rohollahnejad Tährana geldi. Ony maşgalasy joşgunly garşy aldy.     Olaryň ikisi-de bir gün ozal boşadylypdy. Bu çäräni Eýranyň adalat çapary, “Mizan Online”, “özara hyzmatdaşlygyň nusgasy atlandyrdy”. Читать дальше...

Azathabar.com 

Pakistan wirus aladalary sebäpli halkara uçar gatnawlaryny iki hepdelik togtadýar

Pakistan koronawirusyň ýaýramagyny çäklendirmek üçin degişli çäreleri gören onlarça ýurda goşulyp, iki hepdelik möhlet bilen ähli halkara uçar gatnawlaryny ýatyrýar. Pakistanyň Raýat awiasiýasy 21-nji martda ýaýradan beýanatynda bu gadaganlygyň şol agşam güýje girip, 4-nji aprele çenli dowam etjekdigini aýtdy. Resmiler bu gadaganlygyň çarter gatnawlaryna-da degişlidigini mälim etdiler. Diplomatlara we ýük uçarlaryna ýurda gonmaga rugsat berilýär.

Azathabar.com 

Russiýa koronawirus hassasynyň aradan çykmagyny ýurtda bu keselden ilkinji ölüm hasaplamaýar

Moskwanyň koronawirusa garşy krizis merkeziniň ýurt boýunça bu kesel bilen ýene 54 adamyň hasaba alnandygyny mälim etmeginden bir gün soň, 21-nji martda irden Russiýanyň resmi sanlary infeksiýa ýokaşanlaryň umumy sanyny 253 adam diýip görkezdi. Koronawirus bilen näsaglan 79 ýaşly bir aýal aradan çykdy, ýöne rus häkimiýetleri onuň ölümini COVID-19 bilen baglanyşdyrmady, sebäbi, jeset barlagy onuň gan lagtalaşmagyndan ölendigini ýüze çykardy. Ýöne 21-nji martda irden Jons Hopkins uniwersitetiniň... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *