Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabatda hususy söwda we hyzmat nokatlary ýapylýar, döwlet dükanlarynda nobatlar döreýär

Aşgabatda hususy söwda we hyzmat nokatlary ýapylýar, döwlet dükanlarynda nobatlar döreýär

Aşgabatda hususy söwda nokatlary, dellekhanalar we gözellik salonlary, fitnes merkezleri köpçülikleýin ýapylýar. 

"Töwerek-daşda ähli dükanlar ýapyk, şäheriň ýolbaşçylarynyň tabşyrygy boýunça hyzmat ugrundan salonlar we ofisler hem ýapylýar" diýip, 28-nji maýda Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri habar berdi. 

Türkmenistanyň paýtagtynda söwda we hyzmat ugrundan iş alyp barýan nokatlaryň gyssagly ýapylýandygy Azatlyga 27-nji maýda mälim boldy. Şonda habarçylarymyzyň sözlerine görä, esasan paýtagtyň merkezindäki ýaşaýyş jaýlarda ýerleşýän dükanlaryň, fitnes merkezleriň, dellekhanalaryň, gözellik we massaž salonlarynyň ýapylýandygyny we lisenziýalaryň uzaldylmajagyny olaryň eýelerine duýdurypdyrlar.

"Elitniý diýilýän jaýlaryň birinji gatlarynda we ýarym ýerzeminlerde ýerleşýän dürli gözellik salonlaryny, dükanlary, kafeleri we beýlekileri göçürýärler. Men göçürilýän kiçiräk rieltor firmasyny hem bilýärin. Bu ýagdaý 10 ýyl Abadançylyk we Aýtakow köçelerine, şeýle-de köne Hitrowka diýlip, atlandyrylýan etrapça degişli" diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüň berdi.

Şol bir wagtda-da, telekeçileriň köpüsiniň elinde möhleti geçmedik lisenziýalar bar. Muňa garamazdan, häkimiýetler gyssagly göçhä-göçlügiň sebäplerini düşündirmän, paýtagt häkimiýetiniň kararynyň şeýledigini aýdýarlar. 

"Takyk sebäpleri hiç kim bilmeýär. Häkimlikden we polisiýadan gelip, göçmek üçin birnäçe sagat berilýändigini aýdýarlar. Häkimlik kireý baradaky ylalaşygy bes edýär, bellemeli ýeri, kireý baradaky ylalaşyk administrasiýa bilen däl-de, binanyň eýesi bilen baglaşylypdyr, jaýlaryň köpüsi bolsa, ministrlikleriň we edaralaryň balansynda. Emma bu ýerde inisiatiwa bina eýelerinden däl-de, eýsem häkimlikden çykýar" diýip, habarçylarymyzyň ýene biri 28-nji maýda habar berdi.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý boýunça Aşgabadyň häkimliginiň özünden maglumat alyp bilmedi. 

Göçhä-göçlügiň ýaňy başlanandygyna garamazdan, boşan käbir jaýlaryň içinde eýýäm bejeriş işleri geçirilýär.

Azatlyk Radiosyna gowşan wideo maglumatlarda goşlaryň gyssagara çykarylýandygyny we jaýlarda dessine abatlaýyş işleriň gyssagly geçirilýändigini görmek mümkin. 

Munuň öňüsyrasynda Aşgabadyň telekeçilerinden öz edara jaýlaryny şäheriň çetine gurulýan işewürler toplumyna göçürmek talap edilipdi. Bu talap telekeçileriň ençemesine, hususan-da 15-nji maýda gije Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň edarasynda geçirilen gyssagly maslahatda mälim edilipdi.

​Munuň bilen bir wagtda-da, Aşgabadyň döwlet dükanlarynda azyk önümlerini satyn almaga synanyşýan ýaşaýjylaryň uly nobatlary döreýär.

Şu günler paýtagtyň dükanlarynyň ençemesinde, şol sanda bazarlardaky söwda nokatlarynda döwletiň kesgitlän çäkli nyrhyndan tüwi we şeker satyn almak üçin onlarça adamyň nobata durandygyny görmek mümkin.

Azatlyk Radiosyna söwda nokatlaryndaky häzirki ýagdaýy görkezýän wideo ýazgylarynyň ençemesi gowuşdy, emma redaksiýa öz habarçylarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksatly olary çap etmekden saklanýar. 

​Wideoda onlarça adamyň öz nobatyna sabyrly garaşyp durandygyny we satyn alan harydy bilen dükandan çykýandygyny görmek mümkin.

Alyjylaryň köpüsiniň elinde çäkli möçberdäki harytlar, köplenç bir haltajyk şeker bar.

Käbir wideo ýazgylarda satyjylaryň jogabyndan nägile alyjylaryň sesini eşitmek mümkin: "Çaglara berilmeýär diýýärler, bu nähili...", "Bir kileden köp bolmaýar diýýärler..."

Aşgabadyň dükanlarynda harytlar çäklendirilip satylýar. Bahasy 7 manatlyk tüwi adam başyna 3 kilogramdan, bahasy 8 manatlyk şeker adam başyna 1 kilogramdan satylýar.

Bazarda tüwiniň bir kilogramynyň bahasy 20 manada, şekeriň bir kilogramynyň nyrhy 12 manada barabar. 

Türkmenistanyň ilaty azyk gytçylygy bilen 2017-nji ýylyň aýagyndan bäri ýüzbe-ýüz bolup gelýär.

Un, çörek, şeker, pagta ýagy we ýumurtga ýaly esasy azyk önümleriniň döwlet dükanlaryndaky gytçylygynyň fonunda bazarlarda bahalar yzygiderli häsiýetde ýokarlanýar. 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

 

Rus dilinde hem okaň

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Минфин РФ предлагает новые налоговые надбавки для добычи золота и драгоценных камней

В Москве стартовали съемки второй части фильма «Чебурашка»

В Русском музее продлили время работы выставки Сурикова

Бесплатное мороженое раздавали в День защиты детей в парках Балашихи

Музыкальные новости

Бизнес в объективе. На столичных вокзалах открылась мультимедийная выставка

"Евро-Футбол.Ру": "Спартак" не будет подписывать камерунского форварда Абубакара

Дело об избиении в Московской области азербайджанцем молотком участника СВО расследуют повторно

«Деревенский вайб»: Бородина показала, как доит корову

Новости России

Минфин РФ предлагает новые налоговые надбавки для добычи золота и драгоценных камней

В Москве стартовали съемки второй части фильма «Чебурашка»

На аукционе в Москве картину Ивана Шишкина продали за рекордные 85 млн рублей

В Хакасии женщина катала подругу на крыше машины, а потом случайно ее переехала

Экология в России и мире

Раскрыт секрет, как и где отдохнуть в России летом за 11 тыс. рублей

«585*ЗОЛОТОЙ» выступила партнером медиафестиваля творческой молодежи YOUPITER

В филиалах АО "Желдорреммаш" прошли мероприятия ко Дню защиты детей

Началось вещание Детского радио в Хабаровске

Спорт в России и мире

Организм был не в состоянии: Потапова прокомментировала поражение на «Ролан Гаррос»

Теннисистка из Пятигорска вышла в четвёртый круг турнира Большого шлема

Синнер повторил уникальное достижение Джоковича и Надаля на турнирах «Большого шлема»

Российские ракетки сообразили на троих // Даниил Медведев, Мирра Андреева и Элина Аванесян дружно вышли в 1/8 финала теннисного Roland Garros

Moscow.media

Рассказ про зятя. Хоть и не про котиков, но тож смешной

Победитель фирменной игры «Авторадио» получил ключи от Oting Паладин

РОССИЮ ОЖИДАЕТ ПЛЮС 50 ГРАДУСОВ: КАКИМ ГОРОДАМ ЖДАТЬ АНОМАЛЬНУЮ ЖАРУ

ИИ поможет врачам предсказывать эффективность иммунотерапии у пациентов с раком







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *