Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Апрель
2021

Новости за 30.04.2021

Azathabar.com 

Ilatdan hökmany maddy goşantlaryň sanawy barha artýar, "Gyzyl Haç we ýarymaý" üçin nobat ýetdi

Türkmenistanda dürli zerurlyklar üçin ilatdan maddy goşant goşmagy talap etmek möwsümi dowam edýär. Býujet edaralarynyň işgärlerinden, bilim edaralarynyň okuwçylaryndan we daýhanlardan ýygnanýan puluň hasabyna çykdajylaryň sanawy artýar. Şu günler Milli Gyzyl Haç we ýarymaý jemgyýeti üçin ilatdan pul toplanýar. Milli Gyzyl haç we ýarymaý jemgyýeti üçin býujet işgärlerinden talap edilýän maddy goşandyň mukdary, 20 türkmen manadyndan ybarat, bu ýurduň Merkezi Bankynyň resmi kursy boýunça 5.7 amerikan dollaryna barabar bollar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Ysraýylda bolan dini baýramçylykda onlarça adam öldi

Ysraýylyň Saglyk ministrligi ýurduň demirgazygynda guralan ýewreý dini festiwalynda bolup geçen basalaşykda azyndan 44 adamyň ölendigini habar berdi.  Ysraýylyň esasy halas ediş gullugy Magen Deýwid Adom 30-njy aprelde 100-den gowrak adamyň ýaralanandygyny, şol sanda iki adamyň agyr ýa-da janyna howp salýan ýara alandygyny aýtdy.  Betbagtçylygyň sebäbi barada gapma-garşy habarlar bar. “Haaretz” gazetiniň polisiýa salgylanyp ýazmagyna görä, basalaşyk adamlaryň basgançaklarda taýyp ýykylmagy netijesinde dörän howsala sebäpli ýüze çykypdyr. Читать дальше...

Azathabar.com 

Pragada müňlerçe adam Çehiýanyň prezidenti Zemana garşy ýörişe çykdy

Müňlerçe çeh Pragada prezident Milos Zemana garşy ýygnanyşyp, onuň wezipesinden boşadylmagyna we, garşydaşlarynyň aýtmaklaryna görä, Russiýa tarapdar garaýyşlary üçin ýazgarylmagyna çagyrdy. 29-njy aprelde Wenslas meýdanynda bolan ýygnanyşyk Çeh hökümetiniň Russiýanyň döwlet harby aňtaw gullugyny 2014-nji ýylda ok-ýarag ammarynda bolan ganly partlamanyň arkasynda durmakda aýyplandan soň guraldy. Bu aýyplama bilen baglylykda hökümet içaly hasaplanýan rus diplomatlarynyň ýurtdan çykarylandygyny... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazak žurnalisti Otepowa galplaşdyrylan aýyplamalar boýunça iş kesildi 

Gazagystanyň kazyýeti blogçyny we žurnalisti “şertli çäklendirme” bilen bir ýyl azatlykdan mahrum etmek we 100 sagat mejbury zähmet jezasyna hökümet etdi. Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) bu hökümiň esassyzdygyny we “galp aýyplamalara” daýanýandygyny aýdýar. Paýtagt Nur-Soltandaky kazyýet 29-njy aprelde Aýgül Otepowany gadagan edilen syýasy toparlara gatnaşmakda günäli tapyp, onuň üç ýyllap “köpçülikleýin we syýasy çäreler” bilen meşgullanmagyny, şol sanda metbugatda işlemegini gadagan etdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Daşkentdäki mekdepleriň birinde, LGBT toparyna göreş hökmünde, okuwçylaryň jorabyny ölçediler

Özbegistanyň Halk magaryf ministrligi Daşkentdäki mekdepleriň birinde, LGBT toparyna garşy göreş hökmünde, mekdep okuwçylarynyň joraplarynyň gonjunyň uzynlygynyň ölçelendigi barada habar peýda boldy. Ministrligiň maglumatyna görä, "gysga joraplary" barlamak bilen baglanyşykly çäre diňe bir okuw jaýynda – Daşkendiň Mirabat etrabyndaky 110-njy mekdepde bolup geçdi. Bilim ministrligi ýokarda ady agzalan mekdepde bolup geçen wakany öwrenýändigini habar berdi. Bilim ministrliginiň metbugat gullugy bu çäre baradaky öz teswirinde... Читать дальше...

Azathabar.com 

Serdar Berdimuhamedow ÝAYB-niň Kazandaky sammitine gatnaşýar

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň (ÝAYB) hökümet baştutanlarynyň 29-njy aprelde Kazanda başlanan sammitine Türkmenistandan wise-premýer Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar. “Türkmenistanyň Hronikasynyň” “Kommersant” neşirine salgylanyp ýazmagyna görä, sammite ÝAYB-niň bäş ýurdunyň - Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Russiýanyň wekilleri ýygnandy. Rus mediasy Täjigistanyň premýer-ministri Kohir Rasulzodanyň we Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *