Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Май
2021
20

Новости за 10.05.2021

Azathabar.com 

Türkmenistanyň karantin zolagynda COVID-19 ýokaşýar, protest döreýär

Şu günler Türkmenabadyň kantin zolagynda saklanýan adamlaryň arasynda COVID-19 keseli ýaýraýar. Kesel ýokaşanlar adamlaryň ençemesi hususan-da 13-nji apdelde Türkiýeden baran uçarda ýurda getirilen raýatlar. Karantin zolagynda keseliň ýaýramagy bu ýerde saklanýanlaryň arasynda nägileligi tutaşdyrdy.

Azathabar.com 

Türkmenistan weteranlardan 'pul ýygnap', Ýeňşiň 76 ýyllygyny belleýär

Türkmenistanda II Jahan urşy, onuň turmagynyň we ýeňşiň şeýle gymmat düşmeginiň sebäpleri hakynda sowet ýyllarynda aýdylmadyk, emma soň belli edilen we taryhyň dogruçyl öwrenilmegi üçin zerur bolan taryhy faktlar, adamlaryň uruşda we tylda gören sütemleri barada halka ýeterlik maglumat berilmeýär.

Azathabar.com 

Serhetde dörän çaknyşykdan soň, Gyrgyzystandaky täjikler nähili ýaşaýarlar?

Gyrgyzystanda ýaşaýan Täjigistanyň graždanlarynyň birnäçesi serhetýaka sebitlerde dörän çaknyşyklaryň täsirinde, özlerine garşy gysyşlaryň, aýry-aýry şahslara zorluk çäreleriniň bolandygyny Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna gürrüň berdiler. Diasporanyň wekilleri ýagdaýyň durnuklydygyny bellediler. Täjigistan ilçihanasy Gyrgyzystanyň kanun goraýjy edaralarynyň graždanlaryň hukuklaryny goramak barada wada berendigini aýdýar. Arza-şikaýatlar hem beýanatlar Soňky gije-gündiziň dowamynda Orsýetden... Читать дальше...

Azathabar.com 

Aşgabatda “ekologik çäre” sebäpli awtoulag hereketi çäklendirildi

Aşgabatda 10-25-nji maý aralygynda awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler. Bu barada ýarym-resmi türkmen internet neşirleri habar berýärler. Maglumatda munuň Aşgabat şäheriniň häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň paýtagtda bu günleriň dowamynda ekologik çäresini guramak baradaky başlangyjy esasynda amal edilýändigi öňe sürülýär. Şol bir wagtda, TDH 9-njy maýda “köpçülikleýin ekologiýa çäresiniň” geçiriljekdigini mälim etse-de, onuň dowamynda awtoulaglaryň hereketleriniň çäklendiriljekdigi barada hiç maglumat bermedi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Ierusalimde ysraýyl polisiýasy palestin protestçileri bilen çaknyşdy

Ierusalimde ysraýyl polisiýasy palestin protestçileri bilen çaknyşdy. Bu palestin maşgalalarynyň Gündogar Ierusalimden çykarylmak aladalarynyň arasynda tapgyr üçünji gije dowam edýän gazaplylygyň çäginde bolup geçdi. Palestin saglyk işgärleriniň maglumatyna görä, polisiýanyň daş böleklerini zyňýan protestçilere garşy göz ýaşardyjy gazy we seňselediji granatlary ulanandygy aýdylýan çäreleriniň netijesinde azyndan 50 adam keselhana ýerleşdirilipdir. Gazaplylyk musulmanlaryň mukaddes hasaplaýan Al-Aksa metjidiniň töwereginde ýüze çykdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmen delegasiýasy Hytaýa sapar edýär

Türkmenistanyň delegasiýasy 9-12-nji maý aralygynda Hytaýa iş saparyny amala aşyrýar. TDH-nyň maglumatyna görä, Sian şäherine amal edilýän üç günlük saparyň dowamynda topar iki ýurduň arasyndaky alnyp barylýan hyzmatdaşlyk meselelerini maslahat eder, şeýle-de “Merkezi Aziýa – Hytaý” döwletleriniň daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisine gatnaşar. 9-njy maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen baş diplomaty Raşid Meredow Hytaýyň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen duşuşyk geçiripdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistan üç tussagy Eýrana ekstradisiýa etdi

Türkmenistan eýranly üç tussagy Eýrana ekstradisiýa etdi. Bu barada MEHR habarlar gullugy 9-njy maýda maglumat berdi. Tussaglaryň bikanun neşe gaçakçylygy sebäpli türmä basylandygy bellenilýär. Şol bir wagtda, tussaglaryň şahsyýetleri aýan edilmeýär, şeýle-de olaryň haçan we haýsy möhlet bilen türmä höküm edilendigi takyklaşdyrylmaýar. Tussaglaryň Eýranyň Horasan Razawi welaýatyndaky Loftabad serhet geçelgesinde ýurda gowşurylandygy aýdylýar. Türkmen mediasynda eýranly tussaglaryň ekstradisiýa edilmegi barada maglumat berilmeýär.

Azathabar.com 

Yrakly protestçiler Karbala şäherindäki Eýranyň konsulhanasyny oda berdiler

Yrakly protestçiler Karbala şäherinde belli bir aktiwistiň öldürilmeginden soňra, Eýranyň konsulhanasyny oda bermäge synanyşdylar. 2019-njy ýylda Yrakda hökümete garşy protestleriň guramaçysy bolan Ehan Wazni ýurtdaky korrupsiýa, şeýle-de Eýran bilen ilteşikli harby toparlaryň we Tähranyň täsiriniň artmagyna garşy çykýardy. Ehan Wazni 9-njy maý güni giçlik öýüniň daşynda motosikletdäki näbelli hüjümçiler tarapyndan atylyp öldürildi. Ol 2019-njy ýyldan bäri ýörite nyşana alnyp öldürilen 30 gowrak aktiwistiň soňkusy boldy diýip... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmen hökümeti azyk nobatlaryny gizläp, abraýyny goramak isleýär

Türkmenistanda azyk gytçylygynyň agyrlaşmagy bilen baglanyşykly adamlar gijelerine gündelik zerur harytlar üçin nobata durýarlar. Çörek, un, ösümlik ýagy, şeker we ýumurtga ýaly esasy iýmitlerem ýetmezçilik edýär. Bahalaryň ýokarlanmagy, azyk harytlarynyň bolsa gytalmagy bilen nobatlarda dawa-jenjeller, hatda ýakalaşma uruşlary ýüze çykýar.




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *