Lebapda bugdaýyň bahasy ‘keýigiň şahyna çykdy’
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynda emele gelen un we çörek gytçylygy barada habar berýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynda emele gelen un we çörek gytçylygy barada habar berýär.
Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary, gaz bergileri sebäpli azyk paýyndan mahrum edilýärler. Azatlygyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, welaýat häkimiýetleri häzirki wagtda ilat tarapyndan gaz üçin alty aýlyk tölegleriniň netijelerini barlaýarlar. Bergili maşgalalar azyk paýyny ýitirýärler we gaz üpjünçiliginden kesilýärler, şeýle-de suda çagyrylýarlar.
Gurluşyga pul gaýgyrylmaýan Türkmenistanda mekdep we hassahana remontlary üçin ilatdan pul ýygnalýar
Gazagystan Ykdysadyýet we parahatçylyk Instituty (IEP) tarapyndan düzülen reýtingde parahatçylygy söýýän ýurtlaryň arasynda 67-nji orny aldy diýip, Kazinform relyefb.int neşirine salgylanyp habar berýär. Reýtinge görä, ortaça parahatçylyk derejesi bolan ýurtlar toparynda Gazagystan 67-nji ýerde, 66-njy ýerde ýerleşýän Gresiýa bilen 68-nji ýeri eýeleýän Argentinanyň arasyndan orun aldy. Gazagystanyň Merkezi Aziýa sebitindäki goňşulary Gyrgyzystan - 76-njy, Özbegistan - 90-njy, Täjigistan - 97-nji, Türkmenistan - 109-njy ýeri aldy. Читать дальше...
Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” kompaniýasy 14-nji iýunda dünýäniň iň soňky “Boeing 777-200LR” uçaryna eýe boldy diýip, aviationnepal.com neşiri habar berýär. Iň soňky nusgasy Aşgabada berlen “Boeing 777-200LR” ýolagçy uçarynyň Everett önümçilik liniýasyndan aýrylandygy, sebäbi onuň ykdysady taýdan o diýen amsatly bolmandygy aýdylýar. “Türkmenhowaýollary” 2010-2014-nji ýyllar aralygynda üç sany 777-200LR uçaryny satyn aldy, olaryň biri VIP hökümet uçary hökmünde enjamlaşdyryldy. Emma bu... Читать дальше...
Ogulsapar Myradowanyň çagalary günbatar diplomatlary bilen morga baranyndan soň, merhumyň jesedi maşgalasyna berildi we garyndaşlary žurnalistiň bedeninde görnetin gynag yzlarynyň, kellesinde “uly ýaranyň” bardygyny aýtdylar. Emma häkimiýetler gümürtik ölümiň sebäplerini açyk derňemekden ýüz öwürdi.
Kiýewiň Solomenskiý etrap kazyýeti 2018-nji ýylyň aýagyndan bäri jenaýat işlerine garalmagyna garaşýan üç türkmenistanlynyň tussaglyk möhletini ýene bir gezek uzaltdy diýip, “Turkmen.news” habar berýär. Günäkärlenýänleriň täze aklawçylary bu kararyň üstünden Kiýewiň şikaýat kazyýetine arz etmegi planlaşdyrýar. Kazyýetiň soňky kararyna görä, Rustam Açylow, Maksat Muhtarkuliýew we Arslan Çaryýew 2021-nji ýylyň 29-njy iýulyna çenli deslapky tussaghanada galmaly. Tussag edilen pursatlaryndan bäri... Читать дальше...
“Revista Forca Aerea” habar agentliginiň maglumatyna görä, 14-nji iýunda Embraer EMB-314E (А-29) Super Tucano kysymly üç uçar öndüriji kärhananyň Braziliýadaky aerodromundan Türkmenistana uçdy. Öňki ýyllaryň tejribesinden belli bolşy ýaly, Türkmenistan harby söwdalary baradaky maglumatlary çap etmeýär. Ýöne gürrüňi edilýän uçarlarda Türkmenistanyň harby-howa güýçleriniň uçarlarynda ulanylýan reňkler görlüpdir. Şol bir wagtyň özünde, döwlet bellikleri doly ýapyldy we uçarlarda brazil hasaba alyşlarynyň wagtlaýyn nyşanlary ulanyldy. Читать дальше...
Eýranlylar 18-nji iýunda ýurduň indiki prezidentini saýlamak üçin ses bermäge başlady, ýöne köp adam, dalaşgärleriň öňünden berk elekden geçirilmegi bilen, indiki lider eýýäm kesgitlenendir öýdýär. Bu ses berişlik ABŞ sanksiýalary, döwletiň emelsiz dolandyrylyşy we koronawirus pandemiýasy sebäpli çöken ykdysady kynçylyklaryň ejirini çekýän saýlawçylaryň biperwaýlygy we ýokarlanan gahar-gazaby arasynda geçirilýär. Eýranyň iň ýokary ygtyýarly lideri Aýatolla Ali Hameneýi eýranlylary saýlawlara gatnaşmaga ruhlandyrmak bilen... Читать дальше...