Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Çeşme: Soňky 10 ýylda 1,9 milliona golaý adam Türkmenistany terk etdi

Çeşme: Soňky 10 ýylda 1,9 milliona golaý adam Türkmenistany terk etdi

Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, soňky 10 ýylyň dowamynda 1 million 879 müňden gowrak adam Türkmenistany terk edipdir.

"Döwlet statistika komitetiniň köp wagtlap ýygnan ýapyk informasiýasyna görä, 2008-2018-nji ýyllaryň aralygynda ýurduň daşyna 1 million 879 müň 413 adam hemişelik ýaşamaga ýa-da işlemäge gidipdir, bu kategoriýanyň tas ählisi yzyna dolanmaýar" diýip, çeşmelerimiziň biri mälim etdi we bu sanyň ýurduň daşyna gidip-gelýän türkmenistanlylary öz içine almaýandygyny belleýär. 

Şu çaka çenli köpçülige mälim bolmadyk bu sanlary Türkmenistanyň dürli döwlet edaralaryndaky üç çeşme Azatlyga tassyklady.

"Netijeler gizlinlikde saklanýar. Ilat ýazuwynyň çap edilmeýändiginiň sebäpleri hem hut şonuň üçin. Ilat ýazuwyny taýýarladylar we netijeleri berdiler, emma netijeler prezidentiň göwnünden turmady we ol başga kriteriýalar boýunça jikme-jik derňew geçirmegi we öý dolandyryş edaralary, çagalar baglary, mekdepler we beýlekiler boýunça hasap çykarmagy tabşyrdy. Netijede soňky 10 ýylyň içinde ilatyň sanynyň aktiw azalandygy, tas 2 million adamyň gidendigi anyklandy" diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar. 

Azatlygyň ýene bir çeşmesiniň sözlerine görä, ilatyň sanyna we migrasiýanyň möçberine degişli sanlar Türkmenistanyň hatda hökümeti üçin-de garaşylmadyk bir ýagdaý bolupdyr.

"Bu sanlar prezidente görkezilende onuň özünden çykandygyny gürrüň berdiler. Onuň ýolbaşçylygy üçin mundan beter biabraýçylyk ýok bolsa gerek" diýip, gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan ygtybarly çeşmämiz aýtdy.

Şeýle-de, Azatlygyň çeşmeleri ilatyň emigrasiýasyny öwrenmek boýunça işe gatnaşan Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň öňki ýolbaşçylaryndan ikisiniň Lýudmila Amanniýazowanyň we Aýna Oraýewanyň häzirki wagtda häkimiýetleriň aýratyn gözegçiliginiň astynda saklanýandygyny we olaryň daşky dünýä bilen kontaktlarynyň çäklendirilýändigini aýdýarlar.     

Türkmenistanyň hökümeti ýurduň daşyna gidýän raýatlarynyň sanyny resmi derejede çap etmeýär, ýurt ilatynyň umumy sanyna degişli resmi statistikany hem bermeýär.

Ýatlatsak, Türkmenistanda ilat ýazuwy soňky gezek 2012-nji ýylyň 15-26-njy dekabr aralygynda geçirilipdi, emma onuň netijeleri köpçülige mälim edilmändi. Şondan bäş ýyl geçensoň 2017-nji ýylda türkmen hökümeti täze ilat ýazuwyny geçirjekdigini we onuň 2022-nji ýylda göz öňünde tutulýandygyny yglan edipdi.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň ilat sanyna degişli açyk çeşmelerde duş gelýän sanlarda 5,5 million adam diýlip görkezilýär, emma Azatlygyň çeşmeleri ilat sanynyň 3,3 million adamdan geçmeýändigini aýdýarlar. 

Häzirki wagtda Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary raýatlaryň ýurduň daşyna has köp gitmeginiň täze bir tolkunynyň emele gelendigini aýdýarlar. 

​"Emigrasiýanyň täze tolkuny döredi we ýagdaý örän gözgyny. Ýurt hakykatda boşap galdy. Hut şu sebäpden goşuna alynýanlaryň sany az bolup, harby gullugyň möhletini uzaltmak göz öňünde tutulýar. Obalarda hem iş güýji ýetenok. Ýurduň demirgazygy we gündogary Özbegistana gidýär. Emma has köp barylýan ýurtlar Türkiýe, Orsýet we Ukraina" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary aýdýarlar. 

Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň migrasiýa edaralarynda daşary ýurt pasportyny almak isleýänleriň uly nobatlary ýygy-ýygydan döreýär. 

 

Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlara gitmeginiň esasy sebäpleriniň arasynda synçylar ilatyň maddy ýagdaýynyň gitdigiçe agyrlaşýandygyny belleýärler. Agyr işsizligiň fonunda ýurtda ministrlikler, döwlet edaralary ýapylýar, iş orunlary azaldylýar, hususy biznes üçin mümkinçilikler çäklendirilýär. Munuň bilen bir wagtda-da, häkimiýetler ilata gözegçiligini güýçlendirip, raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagynyň öňünde päsgelçilikleri döredýär.

- "Bu ýerden göterilmäge wagt geldi" diýen sözleri ýygy-ýygydan eşitse bolýar. Adamlar häkimiýetleriň her bir hereketinden soň ýurdy terk etmek kararyna gelýärler. Hut sanlyja günüň dowamynda tanyşlarymdan 10 golaý maşgalanyň daşary ýurtlara gitmäge taýýarlanýandygyny bilip galdym diýip, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri 28-nji maýda habar berdi. 

 

Türkmenistanyň häkimiýetleri migrasiýa temasyny resmi derejede açyk gozgamaýarlar, statistika sanlaryny resmi taýdan çap etmeýärler. Emma ilatyň ýurduň daşyna çykmagyna degişli migrasiýa düzgünlerini pugtalandyrýarlar, raýatlar yzygiderli uçardan düşürilýär, howpsuzlyk wekilleri raýatlaryň ýurtdan gitmezligi üçin söhbetdeşlikleri geçirýärler, şeýle-de raýatlaryň emlägini satmak işini kynlaşdyrýan täze düzgünler girizilýär. 

Şu günler Türkmenistanyň paýtagtynda ýaşaýyş jaýlaryň bahasy esli pese gaçdy. 

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň maglumatyna görä, soňky birnäçe aýyň dowamynda paýtagtda ýaşaýyş jaýlar ortaça 30% arzanlapdyr. Sosial mediada çap bolýan bildirişlerden çen tutulanda Aşgabatda 3 otagly jaýyň häzirki bahasy ortaça 21-35 müň amerikan dollaryna barabar.

Adynyň efirde tutulmagyny islemedik aşgabatly rieltoryň, ýagny emläk dellalynyň sözlerine görä, ulanylan jaýlaryň bazarynda soňky üç ýylda jaýlaryň bahasy iki esse pese gaçyp, jaýlaryny esasan ýurdy terk edýänler satýarlar.  

Türkmenistanlylaryň iň köp barýan ýurtlarynyň çap edýän sanlaryna görä, türkmen raýatlarynyň şol döwletlerdäki sany köpelip barýar.

Türkiýäniň hökümetiniň ýakynda çap eden maglumatyna görä, 2019-njy ýylyň diňe bir mart aýynda Türkiýä 23 müň türkmenistanly barypdyr.  

Türkmenistandan Orsýete barýanlaryň snay hem artýar. Hususan-da 2018-nji ýylda Orsýet Federasiýasynyň diňe bir Wolgograd regionynda türkmenistanlylaryň sany bir ýylda 81% köpelipdir. Soňky aýlarda Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň öňünde uly nobatlar saklanýar. Ilçihana ýüz tutýanlaryň köpüsi Orsýete göçmek isleýär, olaryň ençemesini etnik türkmenler emele getirýär.  

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

 

 

Rus dilinde hem okaň

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Сумма одобренных Москвой грантов на патентование в РФ выросла почти в 2 раза

В Саратове на Собиновском фестивале завершился второй тур 25-го конкурса вокалистов

Гости Дня России смогут снять видеовизитку в пространстве Молодежного сообщества ВЫЗОВ

У МАГАТЭ нет информации о программе по созданию ядерного оружия в Иране

Музыкальные новости

Собянин открыл пешеходную галерею между станциями метро и МЦД-4 Кутузовская

Отельеры вступают в Игры дружбы // Стоимость размещения в гостиницах растет

Бизнес в объективе. На столичных вокзалах открылась мультимедийная выставка

Здравый смысл против дезинформации официозной пропаганды

Новости России

Лучших сварщиков определили в Подмосковье в рамках конкурса профмастерства

Школьника из Лобни наградили в финале всероссийского конкурса исследований

Компенсационные автобусы назначены на Казанском направлении МЖД в июне

В Москве строители-мигранты поселились в новостройке, помешав хозяевам квартир

Экология в России и мире

Конференция «Общество и психическое здоровье» прошла в Ставрополе

Тысячи активистов разгромили офис Socar в Стамбуле, обвинив «Азербайджан» в поддержке геноцидальной политики Израиля в Палестине

«Заставлял Костомарова мыть свою машину, чтоб потом он на ней покатался по парковке!» Илья Авербух рассказал о дружбе с Романом Костомаровым в шоу «Вкусно с Анфисой Чеховой» на ТВ-3

В филиалах АО "Желдорреммаш" прошли мероприятия ко Дню защиты детей

Спорт в России и мире

Главный русский теннисист заставил Париж аплодировать ему стоя. Что удалось Осьминогу Медведеву?

Александр Зверев: «Сказал себе, что хочу стать примером для подражания. Я больше не ломаю ракетки, почти не получаю предупреждений»

Потапова о поражении от Свентек на "Ролан Гаррос": организм дал сбой

Бывшая российская теннисистка спела гимн Франции: «Я здесь дома»

Moscow.media

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Свыше 5,2 миллиона жителей Московского региона получают набор социальных услуг в натуральном виде

Количество «брака» в биомедицинских работах увеличилось в четыре раза за 20 лет

Правительство РФ направило дополнительные средства на завершение строительства трассы Гузерипль – плато Лагонаки в Адыгее

В филиалах АО "Желдорреммаш" прошли мероприятия ко Дню защиты детей







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *