Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Апрель
2022

Новости за 18.04.2022

Azathabar.com 

Maryda ençeme bazar gaýtadan ýapyldy

Türkmenistanda COVID-19-yň ýokdugyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleri ýurduň käbir welaýatlarynda pandemiýa aladalary sebäpli girizilen çäklendirmeleriň gerimini gaýtadan güýçlendirýär. Maryda bazarlaryň ençemesi ýapylyp, olaryň girelgelerine beton böwetler goýuldy. Saglyk işgärleriniň birnäçesi munuň ilat arasynda COVID-19-yň "omikron" görnüşi bilen keselleýänleriň köpelmegi bilen baglanyşyklydygyny aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berdi.

Azathabar.com 

Sebitara taksiler hereket çäklendirmeleri zerarly häkimiýetlere para bermeli bolýar

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan-Aşgabat aralygynda gatnaýan taksi sürüjileriniň sebitara hereket çäklendirmeleri bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan päsgelçilikleri barada habar berýär. Sebitara taksi sürüjileri hereket çäklendirmelerinden häkimiýetleriň "bikanun girdeji çeşmesi" hökmünde peýdalanýandyklaryny aýdýarlar.

Azathabar.com 

“Turkmen.news” OCCRP-niň global agza merkezleri ulgamyna goşuldy

OCCRP, guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa barada maglumat berýän taslama özüniň global agza merkezleri ulgamyna garaşsyz, maddy bähbide kowalaşmýan habar serişdeleriniň ýene bäşisini goşandygynyhabar berýär. Olaryň arasynda Gazagystanyň “Wlast”, “Belarus derňew merkezi (BIC) we Horwatiýanyň “Oštro”, Bolgariýanyň Derňew habarlary we maglumat býurosy (BIRD) neşirleri bilen birlikde, Türkmenistan barada maglumat berýän “Turkmen.news” neşiri hem bar. Şeýlelikde, bu taslamanyň dünýäniň 42 ýurdundaky merkezleriniň sany 55-e ýetdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkiýe Yragyň demirgazygyna gury ýer we howa hüjümlerini edýär

Türk goşunlary Yragyň demirgazygyndaky kürt söweşijilerine garşy täze gury ýer we howa hüjümlerine başlady diýip, Türkiýäniň goranmak ministri 18-nji aprel güni, irden aýtdy. Türkiýäniň harby uçarlary we artilleriýasy, dikuçarlar we pilotsyz uçarlar bilen goldanýan gury ýer goşunlary goňşy sebite geçmezinden öň, Kürdüstan Işçiler partiýasyna ýa-da PKK-a degişli bolan nyşanalara zarba urdy diýip, goranmak ministri Hulusi Akaryň ministrligiň websaýtynda ýerleşdirilen wideoýazgysynda aýdylýar. Akar uçarlaryň PKK-a degişli pena ýerlerine... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkiýeden gaýtmakçy bolýan türkmen raýatlarynyň kösençligi dowam edýär

Stambulyň howa menzili watanyna gitmek üçin mümkinçilik gözleýän ýüzlerçe türkmenistanlynyň mekanyna öwrüldi. Bu ýerde gije-gündiz duş gelýän türkmen raýatlary, Türkmenistana bilet satýan awiakompaniýalaryň müşderileri, ýagny olaryň köpüsinde türk we türkmen howa ýollary kompaniýalarynyň biletleri bar. Adamlar köplenç "Türkmen howa ýollarynyň" hemişe diýen ýaly ýapyk durýan edarasynyň öňünde ýerleşýär.

Azathabar.com 

Aşgabatda adam hukuklary barada maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, türkmen DIM-i 16-njy aprelde habar berdi. Mejlisde pudagara toparyň 2021-nji ýylda ýerine ýetiren işleri barada hasabat diňlenildi, toparyň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna seredildi. Çykyşlarda toparyň ilatyň hukuk biliminiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, hususan-da, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *