Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Июль
2022

Новости за 20.07.2022

Azathabar.com 

Serdar Berdimuhamedow Gürjüstanyň premýer-ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Gürjüstanyň premýer-ministri Irakli Garibaşwilini kabul etdi, ol Aşgabada düýn geldi diýip, türkmen mediasy habar berýär. Gepleşikler wagtynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy, taraplar sebitdäki üstaşyr-ulag gatnawlary boýunça hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2023-2024-nji ýyllar aralygynda hyzmatdaşlyk etmek barada baglaşylan ylalaşygyň ähmiýetini bellediler. Читать дальше...

Azathabar.com 

Aşgabat-Arçman aralygynda mejbury ýowar geçirildi

19-njy iýulda Aşgabatda, howanyň temperaturasynyň kölegede 40 gradusdan geçýän tomsuň bu günlerinde, kommunal hojalyk gullugynyň işgärleri bilen birlikde býujetçiler mejbury ýowara çekildi.

Azathabar.com 

Aşgabat-Arçman aralygynda mejbury ýowar geçirildi

19-njy iýulda Aşgabatda, howanyň temperaturasynyň kölegede 40 gradusdan geçýän tomsuň bu günlerinde, kommunal hojalyk gullugynyň işgärleri bilen birlikde býujetçiler mejbury ýowara çekildi. “Aşgabatdan Arçmana çenli aralykda, şol sanda Abadan, Gökdepe sebitlerinde hem arassaçylyk işleri geçirildi. Ir sagat 9-dan öýlän 13-e çenli ýollaryň ugurlaryny arassalatdylar. Bölünip berlen her ýer üçin degişli sebitiň işgärleri çekildi” diýip, bu mejbury çärä gatnaşdyrylan býujet işgärleriniň biri 20-nji iýulda habarçymyza gürrüň berdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenabatda öýsüz itler 'wagşylarça' öldürilýär

18-nji iýulda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri köçelerdäki öýsüz itleri gynap, 'wagşylarça' öldürdiler. Bu pursatlary görkezýän wideolar Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna gelip gowuşdy.

Azathabar.com 

Hukuk toparlary türkmen prezidentine hat ýollap, ýurist P.Allaberdiýewiň boşadylmagyna çagyrdy

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa açyk hat ýollap, tussaglykdaky türkmen ýuristi Pygamberdi Allaberdiýewiň boşadylmagyna çagyrdylar. Guramanyň Twitterdäki sahypasynda çap edilen maglumata görä, "Aklawçylaryň halkara birleşiginiň" müdiri baroness Helena Kennedi we "Aklawçylar üçin aklawçylar" guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Sophie de Graaf tarapyndan gol goýlan hat 14-nji iýulda türkmen prezidentiniň Oguzhan köşgüne iberildi. "Biz, [hata] gol çekenler... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ: Türkmenistan adam gaçakçylygyny ýok etmek üçin ýeterlik tagalla etmeýär

Türkmenistanyň hökümeti adam gaçakçylygynyň ýok edilmegi üçin zerur bolan minimum, iň bärki ölçegleri hem doly berjaý etmedi we, hatda Covid-19 pandemiýasynyň gaçakçylyga garşy görüp biljek çärelerine ýetirjek täsirlerini nazara alanyňda hem, munuň üçin düýpli tagalla etmeýär diýip, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Adam gaçakçylygy boýunça 2022-nji ýyldaky ýyllyk hasabatynyň Türkmenistan bölüminiň başynda aýdylýar. Şu sebäpden hem Türkmenistan adam gaçakçylygyna garşy göreş meselesinde... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenabatda öýsüz itler 'wagşylarça' öldürilýär

18-nji iýulda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri köçelerdäki öýsüz itleri gynap, 'wagşylarça' öldürdiler. Bu pursatlary görkezýän wideolar Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna gelip gowuşdy. Haýwanlary gorap çykyş edýän ýerli aktiwistleriň we ýaşaýjylaryň düşüren wideolarynda jemagat hojalygy müdirliginiň mämişe reňkdäki uly ulagynda gelen işgärleriň agyr taýaklar bilen itleriň kellesine, gymyldamagyny bes edip jany çykýança, urýandygyny görse bolýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanda ýene ýer yrandy

19-njy iýulda, hepdäniň ikinji güni, ýerli wagt bilen öýlän sagat 4:26-da Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäheriniň 147 km demirgazyk-günbatarynda aram ýer sarsgyny boldy diýip, Wolkano diskoweri neşiri habar berýär. Neşiriň ABŞ-nyň Geologiýa gullugyna salgylanyp beren maglumatyna görä, 4,3 güýjündäki ýertitremäniň çuňlugy 11 km bolupdyr. Türkmen metbugaty ýurduň çägindäki tebigy hadysalar, şol sanda ýygy-ýygydan bolýan ýer yranmalary, mümkin bolan weýrançylyklar we adam pidalary hakynda hem ilata maglumat bermeýär.




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *