Hytaýyň "Huawei“ kompaniýasy Türkmenistanda uly şertnama “gazandy”
"Huawei” kompaniýasynyň Türkmenistanda ýurduň fiksirlenen telefon toruny gowulandyrmak boýunça uly şertnama gazanandygy habar berilýär diýip, huaweicentral.com neşiri anyklaşdyrmazdan habar berýär. Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bäşinji gün sanly ulgam arkaly geçiren hökümet mejlisinde ýurduň “aragatnaşyk ulgamyndaky ähli işleri hil taýdan täze derejede utgaşdyrmagyň, bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny” nygtady, emma hytaý kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama barada hiç zat aýtmady. Читать дальше...