Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Март
2023

Новости за 15.03.2023

Azathabar.com 

Aşgabat metjidinde prezidentiň atasynyň ölen gününe gabat sadaka taýýarlyk görülýär

Aşgabatda merkezi metjitleriň birinde uly taýýarlyklar görülýär. Alnyp barylýan işleriň maksady barada resmi habar ýok, emma olar golaýdaky jaýlaryň ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşyna täsir ýetirýär. Soňky gün, gijelerine-de, polisiýanyň awtoulaglarynyň batly sesleri ähli ýerde eşidilýär we köçelerde duran awtoulaglar jerime duralgasyna alnyp gidilýär. Aşgabadyň "Hezreti Omar" metjidiniň töweregi soňky wagtda häkimiýetleriň üns merkezinde boldy. Metjidiň ýerleşýän "Parahat-7" etrapçasynyň ýaşaýjylary... Читать дальше...

Azathabar.com 

PÝGG palçykda ulaglary hapalanýan sürüjilerden para soraýar, boýun gaçyranlara jerime ýazýar

Mary welaýatynyň Baýramaly we Ýolöten etraplarynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri awtoulaglarynyň daş ýüzi hapa sürüjileri saklap, olardan 20 manat möçberinde para talap edýär. Ýol polisiýasy para beren sürüjilere “ak ýol arzuw edýär” we goýberýär. Para bermekden ýüz öwren sürüjilere “ak ýol arzuw edilmeýär” we para bilen deň möçberde jerime ýazylýar. “20 manat möçberinde para berseňiz, ‘Ýoluňyz ak bolsun!” diýip, alkyş bilen goýberýärler. Bu parany bermeseňiz, jerime... Читать дальше...

Azathabar.com 

Berdimuhamedow Türki Döwletler Guramasynyň Ankara sammitine gatnaşar

Türki Döwletler Guramasynyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň 16-njy martda, Türkiýäniň Ankara şäherinde geçirilýän nobatdan daşary sammitine Türkmensitandan prezident däl-de, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşar. Metbugat habarlaryna görä, sammite guramanyň agza döwletleriniň — Azerbaýjan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň prezidentleri, şeýle-de guramanyň synçy agzalary bolan ýurtlardan... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ene-atalar çagalar baglaryndaky ýaramaz şertlerden şikaýat edýärler

Türkmenbaşyly ene-atalar şäheriň mekdebe çenli bilim edaralarynda terbiýeçilik işleriniň hiliniň pesliginden, hem-de iýmit üpjünçiliginiň ýagdaýynyň we arassaçylyk şertleriniň ýaramazlygyndan şikaýat edýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçysy şäheriň 28, 2, 5 we 8 belgili mekdebe çenli bilim edaralarynda onlarça ene-atanyň ýaňy-ýakynda şeýle şikaýatlar bilen Türkmenbaşynyň Bilim bölümine ýüz tutandyklaryny habar berýär. Arzalaryň mazmuny bilen tanyş bolan habarçymyz şäheriň çagalar baglarynda we... Читать дальше...

Azathabar.com 

Täjik žurnalisti konstitusiýa gurluşyny üýtgetmäge çagyrmakda aýyplanýar

Geçen hepde Merkezi Aziýa ýurdunyň demirgazyk-gündogaryndaky Panjakent şäherinde tussag edilen täjik žurnalisti Hurşed Fozilow Täjigistanyň konstitusiýa gurluşyny zor bilen üýtgetmek barada açyk çagyryş etmekde aýyplandy. Fozilowyň dogany Huşbaht 13-nji martda Azatlyk radiosynyň Täjik gullugy bilen söhbetdeşlikde žurnalistiň bu aýyplamany ret edip,  özüniň bigünädigini aýdandygyny gürrüň berdi. Panjakent şäher häkimliginden we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerinde Fozilow bilen baglanyşykly ýagdaý barada düşündiriş alyp bolmady. Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazagystanyň Ýokary kazyýeti tussag edilen aktiwisti aklady

Gazagystanyň Ýokary kazyýeti 14-nji martda köpçülikleýin gozgalaňlara gatnaşmakda aýyplanyp, üç ýyldan gowrak türme tussaglygyna höküm edilen aktiwist Žanmyrat Aştaýewiň günäsini geçdi. Şeýle-de, kazyýet 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda hökümete garşy guralan protestlere gatnaşyjylar üçin yglan edilen köpçülikleýin günä geçişiň, Aştaýew bilen bilelikde, şol bir aýyplama bilen azatlykdan mahrum edilen başga bir aktiwiste, Lazzat Dosmambetowa hem degişlidigini aýtdy. Geçen ýyl bu iş esasynda tussag edilen üçünji aktiwist Kaýrat Soltanbek... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistan myhmansöýerlikde iň yzdaky ýurtlaryň biri boldy

Türkmenistan, Owganystan we Demirgazyk Koreýa dünýäde iň “myhmansöýer däl” ýurtlar hökmünde ykrar edildi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” “Pasport indeksiniň” web sahypasynyň düzen “Welcoming Countries Rank” sanawyna salgylanyp ýazýar. Neşir bu reýtingiň ýurt raýatlarynyň myhmansöýerligine, hoşgylawlygyna däl-de, pasport eýeleriniň wizasyz baryp bilýän beýleki ýurtlarynyň sanyna esaslanýandygyny belleýär. Türkmenistan, Owganystan we Demirgazyk Koreýa ähli ýurtlaryň raýatlaryndan wiza talap edýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanda türk gurluşykçylaryna ýene uly desgalar ynanylýar

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji martda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Ahmet Çalyk öz ýolbaşçylyk edýän düzüminiň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri barada hasabat berdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär. Şeýle-de, habarda Türkiýäniň “Gap Inşat” kompaniýasyna Aşgabatda 15-nji martda düýbi tutuljak üç desganyň, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ pilotsyz uçarynyň Gara deňze ýykylmagynda rus uçarlaryny günäkärleýär

Birleşen Ştatlar 14-nji martda rus söweş uçarlarynyň “hatarly we professional däl” gatyşmasynyň ABŞ-nyň aňtawçylyk edýän pilotsyz uçarynyň Gara deňze gaçmagyna sebäp bolandygyny aýdyp, Russiýany päsgelçilik döretmekde günäkärledi. Pentagon “MQ-9 Reaper” pilotsyz uçarynyň halkara howa giňişliginde ýitmegine sebäp bolandygyny aýdanyndan soň, iki sany Su-27 söweş uçaryndaky rus uçarmanlarynyň "geleňsiz" hereketine nägilelik bildirmek üçin, Waşington Russiýanyň ilçisini çagyrdy. Pentagonyň metbugat sekretary... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *