Tomus aýlarynda ilat arasynda elektrik energiýasyna bolan talabyň ýokarlanmagy bilen, Lebap welaýatynyň gür ilaty etraplarynda yzygiderli tok kesilýär. Ýerli ýaşaýjylar öz ýaşaýan sebitlerinde elektrik geçirijileriniň hatardan çykýandygyny aýdyp, olaryň täzelenilmegini soraýarlar.
Döwlet telewideniýesi ýurduň sebitlerinde ulanylmaga berilýän täze ýaşaýyş jaýlaryny görkezip, ilatyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi bilen bagly problemalar saklanyp galýan mahaly, günbatar Türkmenistanda gurluşyk harytlary gymmatlaýar.
Lebabyň Türkmenabat şäherinde pensionerleriň we maýyplaryň onlarçasy maý aýy üçin pensiýa we döwlet kömek puluny alyp bilmedi. Muňa olaryň özleriniň diridigini her üç aýdan bir gezek subut etmek baradaky talaby ýerine ýetirip bilmezligi sebäp boldy.
Aşgabadyň döwlete degişli azyk dükanlarynyň 10-a golaý işgäri şäheriň Polisiýa müdirligine çagyrylyp, ýeňillikli azyk önümlerini bikanun satmakda aýyplandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň polisiýadaky çeşmesi we dükan işgärleriniň birnäçesi anonim şertde paýtagtdaky habarçymyza maglumat berdi.