Gündogar Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde döwlet awtobuslarynyň gatnawy azalýan mahaly, hususy awtobuslar ýol kireýleriniň bahasyny bäş esse artdyryp, bir manatdan bäş manada çykardy.
Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda, şu günler Baýramaly etrabynda dilegiçlik edip, okuw esbaplaryny we egin-eşiklerini almaga çalyşýan çagalar has köp göze görnüp başlady. Bu aralykda, paýtagt Aşgabatda “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär.