Hytaýda öndürilen Jetour markaly ulagym mundan bir hepde gowrak ozal Aşgabat-Mary asfalt ýolunda ýene döwlüp, akkumulýatory hatardan çykyp, meni kyn güne saldy diýip, Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy Baýram aýtdy. Ol geçen ýylyň güýzünde hytaý ulagyny satyn alandan bäri uly maddy çykdajylardan we kösençliklerden başga zat görmändigini hem sözüne goşdy. “Ulagymyň soňky alty aýyň dowamynda näçe gezek hatardan çykandygyny men hem ýatdan çykardym. Ýöne onuň iň köp hatardan çykýan zatlary tekerleri, pružin we amertizatorlary... Читать дальше...
Eýran aýal aýdymçylary sem etmek tagallalarynyň çäklerinde olara garşy basyp ýatyrmalary güýçlendirýär. Birnäçe aýal aýdymçy soňky hepdelerde häkimiýetler tarapyndan çagyrylyp saklandy we olaryň Instagram sahypalary ýapyldy. 1979-njy ýylda bolup geçen rewolýusiýadan bäri, Eýranda aýallara jemgyýetçiligiň öňünde ýekelikde aýdym aýtmak gadagan edilýär. Ýöne şeýle çäklendirmelere garamazdan, ençeme sungat işgäri, hem şeýle gadagançylyga, hem-de ýurduň berk hijap kanunlaryna garşy gidip, öz seslerini... Читать дальше...
Demirgazyk Makedoniýanyň häkimiýetleri we raýatlary azyndan 59 adamyň ölmegine we 150-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan gijeki klubda dörän ýangyna sebäpkärleri gözleýärler, bu ýeriň ygtyýarnamasynyň kanunydygy barada soraglar ýüze çykýar. Ölenleriň sanynyň artmagynyň ähtimaldygy aýdylýar. Koçanide 15-nji martda bolup geçen heläkçilikli ýangyndan bir gün soň, Saglyk ministri Arben Tarawari goňşy ýurtlardan, Ýewropa Bileleşiginden we ABŞ-dan gynanç hatynyň gelýändigini aýtdy. Resmiler 15-nji... Читать дальше...
Türkmenistanda et üpjünçiligi bilen bagly dowam edýän aladalaryň arasynda, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky käbir et dükanlarynda arzan bahadan süňksiz, jylka etiň söwdasy ýola goýlup başlandy, ýöne alyjylar bu etiň hiline we gelip cykyşyna alada bildirýärler. “Biz şol satlyga çykarylan arzan etden satyn alyp, iýip gördük, tagamy ýok, edil sabyn çeýnän ýaly, ýöne häzir, umuman aýdanyňda, et önümleriniň bahalary gymmatlady” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Читать дальше...
Žurnalistleri goramak boýunça komitet (CPJ)ABŞ-nyň kongresiniň ýolbaşçylaryny USAGM agentligini prezident Trampyň buýrugyndan goramaga çagyrdy. "Ak Tamyň Kongres tarapyndan maliýeleşdirilýän we dünýädäki awtoritar režimleriň beýanatlaryna garşy çykýan garaşsyz žurnalistika guramasyny ýok etjek bolýandygy nägilelik döredýär" - diýip, Komitetiň programma müdiri Karlos Martinez de la Serna 15-nji martda öz beýanatynda aýtdy. Ondan öň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýedi sany federal agentligi, şol sanda ABŞ-nyň USAGM... Читать дальше...
Köp jemgyýetçilik mümkinçiliklerinden mahrum edilen owgan zenanlary öz ýurduna gelen amerikaly pornoaktrisanyň suratlaryna we wideolaryna gaharlarynyň gelýändiklerini aýdýarlar. Owganystandaky höküm sürýän "Talyban" hereketi aýallara bilim almagy gadagan etdi we olar üçin köp iş ýerleriniň gapylaryny ýapdy. Şeýle hem olara seýilgählere, sport ýaryşlaryna we hammama barmak gadagan edildi. Ol aýallar "Talybanyň" girizen zabun ahlak kanunlary boýunça, ýanynda erkek adam ugratmasa, öýünden çykman, öz içerisinde oturmaly. Читать дальше...