Şu ýyl ýokary okuw jaýlaryna dalaş etjek raýatlaryň sanynyň, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, az bolmagyna garaşylýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynda ‘para kabul ediş möwsüminiň’ tamamlanandygyny aýdýarlar.
Türkmenabat şäheriniň daýhan bazarynda alyjylar dawalaşyp, bazar administrasiýasyndan sygyr etiniň ýokarlanan bahasyny sähel arzanlatmagy başardy. Oňler transport meselelerini, ýangyç gytçylygyny, walýuta durnuksyzlygyny bahanalaýan taraplar, bu gezek gymmatlamalara esas hödürläp bilmedi.
Şu ýyl ýokary okuw jaýlaryna dalaş etjek raýatlaryň sanynyň, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, az bolmagyna garaşylýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynda ‘para kabul ediş möwsüminiň’ tamamlanandygyny aýdýarlar. “Geçen ýyllar bilen deňeşdirilende paranyň möçberleri 15-25 göterim, Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlik ýyllary bilen deňeşdirilende tas 35 göterim azaldy” diýip, çeşmeler aýdýar. Öňler eýýäm ýylyň başlarynda şol ýyl ýokary okuw jaýlaryna... Читать дальше...
Türkmenabat şäheriniň daýhan bazarynda alyjylar dawalaşyp, bazar administrasiýasyndan sygyr etiniň ýokarlanan bahasyny sähel arzanlatmagy başardy. Oňler transport meselelerini, ýangyç gytçylygyny, walýuta durnuksyzlygyny bahanalaýan taraplar, bu gezek gymmatlamalara esas hödürläp bilmedi. Goh-galmagal gündogar welaýatyň meşhur “Gök” bazarynda 13-nji maýda boldy. Şondan iki gün ozal, 11-nji maýda 75 manatdan bahalanan bir kilogram sygyr etiniň bahasy duýdansyz 90 manada çykdy. “Bazar administrasiýasy bilen alyjylaryň arasynda goh-galmagal boldy.
Oba hojalygyndaky iş, töleg şertleri, çözülmedik meseleler, ýerine ýetirilmedik wadalar sebäpli, möwsümleýin işler üçin zerur bolan el güýjüniň ýetmezçiligi ýyl-ýyldan güýçlenýär diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär. balkandaky habarçymyz golaýda býujet edaralarynyň işgärleriniň tölegsiz ýekeleme, otag işlerine çekilendigini habar beren bolsa, Marydaky habarçymyz Ýolöten etrabyndaky potratçy daýhanlaryň gowaça meýdanlary üçin otagçy tapmakda uly kynçylyk çekýändiklerini habar berýär. Bu ýagdaý ýurtda maşgalasyny ekläp bilmän... Читать дальше...
Urugwaýyň öňki prezidenti Hose Muhika 89 ýaşynda aradan çykdy diýip, ýurduň häzirki lideri Ýamandu Orsi habar berdi. Hose Muhika taryha “dünýäniň iň garyp prezidenti” hökmünde girdi. Ol ýaşlygynda banklary talapdy we rewolýusiýany taýýarlapdy. 12 ýyllap tussaklykda ýeke-adam kamerasynda saklanypdy, şeýle-de türmede gynamalara sezewar edilipdi. Azatlyga çykandan soň, ol syýasat bilen meşgullanyp, ahyrynda Urugwaýyň prezidenti boldy. Häkimiýetden gideninden soň, Muhika gülleri ösdürmek, haýyr-sahawat işleri we syýasy aktiwizm bilen meşgullandy. Читать дальше...
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed bin Salman 13-nji maýda, amerikan lideriniň Er-Riýada eden saparynyň çäginde, uly möçberli ýarag üpjünçiligi boýunça şertnama gol çekdiler. Resminamada Birleşen Ştatlaryň Saud Arabystanyna jemi 142 milliard dollarlyk ýarag toplumyny satmaga razy bolandygy bellenilýär. Ak Tam tarapyndan ýaýradylan beýanatda bu şertnama “Waşington tarapyndan şu wagta çenli baglaşylan iň uly goranyş hyzmatdaşlygy şertnamasy” hökmünde häsiýetlendirilýär. Читать дальше...