Ysraýylyň Eýrana eden giň gerimli hüjümi ýurduň harby ýolbaşçylaryna täsir ýetirdi, bu gyssagly ar alyş çäresini yza süýşürip biler. Ýöne onuň esasy maksadyna ýetip-ýetmändigi entek belli däl: Ysraýyl Tähranyň diňe raýat maksatlary üçin niýetlenendigini öňe sürýän ýadro programmasyny bozmak isleýär we onuň Eýranyň ýaraglanmak howpuny döredýändigini aýdýar. Premýer-ministr Benýamin Netanýahu we Ysraýylyň beýleki resmileri Eýranyň urany baýlaşdyrmak we ýaraglanmak boýunça işlerini çaltlaşdyrandygyny we birnäçe aýyň içinde... Читать дальше...
Döwlet eýeçiligindäki metbugat 11-nji iýunda Türkmenistanyň saýlama futbolçylarynyň Aşgabatda geçirilen bäsleşikde Taýlandyň ýygyndy toparyny 3:1 hasabynda ýeňendigini, oýny görmäge 15 müňden gowrak tomaşaçynyň gelendigini habar berdi. Emma çeşmeler boş orunlary doldurmakda ulanylan adamlaryň köpüsiniň mejbury ýagdaýda getirilendigini, sportuň hem indi ‘barha kän süteme öwrülýändigini’ öňe sürýärler. Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen futbol janköýerleriniň birnäçesi bu oýna hakyky janköýerleriň... Читать дальше...
Gündogar welaýatynyň döwlet edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärler ýene bir mejburlyga boýun bolmaly edildi. Býujet işgärlerinden gan donory bolmak talap edildi. Lebabyň administratiw merkezinde we gür ilatly ýaşaýyş nokatlarynda ýerleşýän býujet edaralarynyň işgärlerine, hatda dynç alyşdaky zähmetkeşlere olaryň gan tabşyrmaga borçlydygy iş ýerlerinden habar berlipdir. “Men zähmet rugsadyna çykdym, müdiriň terbiýeçilik işler boýunça orunbasary jaň edip: 'Gan bankyna baryp hökmany gan tabşyrmasaňyz bolanok' diýip... Читать дальше...
Latwiýanyň Seými ýurduň deputatlaryny we döwlet işgärlerini Russiýa we Belarusa sapar etmegini gadagan edýän kanuny kabul indi. Indi olar bu ýurtlara gitmek üçin ýörite rugsatnama almaly bolar diýip, “Delfi” habar berýär. Gadaganlyk döwlet syrlaryna ygtyýary bolan, möhüm infrastrukturalaryň howpsuzlygyna jogapkär şahslary, Içeri işler, Goranmak we Adalat ministrlikleriniň hem-de olaryň garamagyndaky edaralaryň işgärlerini, harby desgalarda işleýänleri, Korrupsiýa garşy göreş býurosynyň, salgyt polisiýasynyň... Читать дальше...
Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda 47 müňden hem aşa türkmenistanly talyp bilim alyp, olaryň 7 müňi rus býujetiniň hasabyna okaýar. Bu barada Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkin türkmen metbugatyna mälim etdi. Türkmenistanly ýaşlar ýurtdaky bilim pudagyndaky korrupsiýa we uniwersitetlere kabul edilýänleriň çäkligi sebäpli, ýokary bilim üçin esasan Russiýany we Türkiýäni, galyberse-de, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän käbir ýurtlary saýlap alýarlar. Şol bir wagtda, Azatlygyň çeşemeleri... Читать дальше...
Özbegistanyň Fergana welaýatynda ýörite gulluklar ýurtda gadagan edilen “Hizb ut-Tahrir” dini-ekstremistik guramasynyň gizlin toparynyň üstüni açdy. Döwlet Howpsuzlyk Gullugynyň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, bu topar ozal hem şeýle jenaýatlar üçin 9 ýyl türmede oturyp-çykan Kokandyň 63 ýaşly ýaşaýjysy tarapyndan döredilipdir. Derňew maglumatlaryna görä, ol dört şärigi, şol sanda 2024-nji ýylyň aprelinde azatlyga çykmazyndan ozal, şol bir guramanyň işine gatnaşandygy üçin 23 ýyl türme jezasyny... Читать дальше...
12-nji iýunda “Air India” awiakompaniýasynyň uçary Hindistanyň günbataryndaky Ahmedabat şäherindäki howa menzilinden howa galan badyna heläkçilige uçrady. Bu barada “The Times of India” habar berýär. “Boeing 787 Dreamliner” kysymly uçarda jemi 242 adam, ýagny 230 ýolagçy we 12 ekipaž agzasy bardy. Ýolagçylaryň arasynda 169 hindistanly, 53 britaniýaly, bir kanadaly we 7 portugal raýaty bardy. Ilki bada, uçardaky ähli adamlaryň heläk bolandygy aýdylsa-da, soňra ýerli polisiýa bir ýolagçynyň diri galandygyny mälim etdi. Читать дальше...
Ysraýyl Eýranyň dürli sebitlerindäki ýadro desgalaryna we beýleki harby nyşanalaryna garşy giň gerimli howa zarbalaryny amala aşyrdy. Bu hüjümlerde ýokary derejeli general bilen iki sany uly harby ýolbaşçy öldürildi. Hadysa regionda giň gerimli urşuň döremek howpuny güýçlendirdi. Eýranyň döwlet telewideniýesiniň habar bermegine görä, Ysraýylyň zarbalary bilen Tähranda ýerleşýän yslam rewolýusiýa sakçylary korpusynyň baş edarasy hem nyşana alyndy. Eýranyň Tasnim agentliginiň maglumatlaryna görä, zarbada... Читать дальше...
Ahal welaýatyna degişli etraplarda ekin meýdanlaryndaky bugdaý hasyly ýygylýar. Ýerli daýhanlar özlerinden her bir gekdardan 5 tonna bugdaýy ýygnamagyň talap edilýändigini aýdarlar, ýerli häkimiýetler bolsa kärendeçileriň işine güýçli gözegçilik alyp barýarlar. Şu günler bugdaý meýdanlarynda hasyl ýygnaýan kärendeçileriň ýanynda gözegçi ýerleşdirilýär. Bu ýagdaý barada Azatlyk Radiosyna habar beren ahally çeşmeleriň sözlerine görä, daýhanlara gözegçilik edýän toparlaryň düzüminde şol sanda arçynlyk işgärleri we kanun goraýjyar bar. Читать дальше...