Eýranyň prezidenti Tähranyň Waşington bilen gepleşiklere höweslidigini ýaňzydýar
Eýran habar gullugynyň maglumatyna görä, prezident Hassan Rohani, eger ABŞ hormat-sylag görkezse, Tähranyň gepleşiklere höweslidigini bildirdi.
Şeýle-de, ýarym resmi “Fars” habar gullugynyň maglumatyna görä, Rohani Tähranyň gepleşiklere basyş arkaly getirilip bilinmejekdigini aýtdy.
Rohaniniň bu sözleri ABŞ 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykaly bäri geçen bir ýyl içinde Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky gapma-garşylygyň çuňlaşýan wagtynda aýdyldy.
Prezident Donald Tramp geçen ýyl Eýrana garşy ykdysady sanksiýalary dikeltdi, soňra beýleki ýurtlara Eýrandan nebit almaklaryny kesmegi buýrup, maýda bu gadaganlygy has-da güýçlendirdi.
Ýaňy-ýakynda bolsa, Tramp bu sebite söweş uçarlaryny göteriji gämini ibermegi buýurdy, Ýakyn Gündogara goşmaça güýç iberiljegini yglan etdi.
“Fars” Rohanä salgylanyp, onuň "Eger-de [beýleki tarap] gepleşik stolunyň başynda salyhatly oturyp, halkara düzgünlerine eýerse, gepleşmek barada buýruk bermese, biz logika we gepleşiklere gol ýapýarys” diýendigini habar berdi.
Tramp 29-njy maýda Waşingtonyň Eýranda “režim çalyşmaga” çalyşmaýandygyny aýtdy.
"Şol bir ýolbaşçylar bilen hem beýik ýurt bolmak mümkinçiligi bar... Biz režim çalyşmaga çalyşmaýarys, men muny açyk aýtmak isleýärin” diýip, Tramp aýtdy.