Orsýetiň tanymal derňewçi žurnalistiniň tussag edilmegi ýazgarmalara, protestlere sebäp boldy
Golunowyň aklawçysy Dmitriý Džulaý Meduza polisiýanyň öz müşderisini 6-njy iýun güni öýlän Moskwanyň merkezinde tussag edendigini, biraz soňra onuň arka sumkasyndan içinde neşe bardygy çaklanylýan haltajygyň "tapylandygyny" aýtdy. Golunow bu haltajygyň özünikidigini ret etdi diýip, Džulaý aýtdy.
Džulaý Golunowyň urlandygyny we ençeme sagatlap öz aklawçysyna, garyndaşlaryna jaň etdirmän saklanandygyny hem gürrüň berdi. Aklawçynyň derňew üçin Golunowyň dyrnaklaryny almak, ýaralaryny hasaba almak üçin lukmanlary çagyrmak barada eden talaplary hem polisiýa tarapyndan ret edildi.
Rus we halkara žurnalist we hukuk guramalary Moskwada we onuň töweregindäki regionda resmileriň arasynda bar diýilýän korrupsiýa işlerini derňemek bilen tanymallyk gazananGolunowy goramaga howlukdylar.
Amnesty Internationaliň, Halkara Günä geçiş guramasynyň Orsýetdäki edarasynyň direktory Nataliýa Zwýagina (Natalia Zviagina) “Iwan Golunowyň tussag edilişiniň daşyndaky ýagdaýlar gümürtik görünýär we şol bir tanyş we hopukdyryjy hokgalary ýatladýar... Hemme zat häkimiýetleriň öz nyşanalaryny türme tussaglygyna höküm etmek maksady bilen neşe maddalaryny atýandygyny yşarat edýär” diýdi.