Mahaçkalanyň portunda Türkmenistandan gelen nebit tankerinde partlama boldy
Hadysada iki işçi öldi, üçüsi hem ýaralandy.
Halas edijileriň maglumatyna görä, partlama nebit önümleriniň guýulýan pursady ýüze çykypdyr.
Rus habar serişdeleri 2 müň tonna nebitli tankeriň Türkmenistandan gelendigini aýdýarlar.
Mundan öň peýda bolan habarlarda Türkmenistanyň Mahaçkalanyň üsti bilen dünýä bazaryna 1,5 million tonna nebit eksport edendigi bellenipdi.