Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabadyň bazarlarynda resmi bahalar bilen bilelikde nyrh durnuksyzlygy saklanýar

Aşgabadyň bazarlarynda nyrhlar häkimiýetler tarapynda resmi taýdan kesgitlenýärkä iş ýüzünde durnuksyz bahalar saklanýar. Çöregiň, gök önümleriň, miweleriň we süýt önümleriniň bahasy üýtgäp durýar.   


Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabadyň bazarlaryna aýlanyp şu günki nyrhlar bilen gyzyklandy.




Aşgabadyň Teke bazarynda 14-nji iýunda azyk önümleriniň ortaça bahalary şeýle:



Çörek - 2-6 manat aralygynda. 
Mesge ýagy - 35 manat.
Süzme - bir kilogramy 12 manatdan. 
Pomidor - bir kilogramy 7 manatdan.
Hyýar - bir kilogramy 7 manatdan.
Käşir - bir kilogramy 3 manatdan.
Sogan - bir kilogramy 2 manatdan.
Kartoşka - bir kilogramy 4 manatdan.
Garpyz - bir kilogramy 4 manatdan.
Erik - bir kilogramy 5 manatdan.
Alma - bir kilogramy 8 manatdan. Ülje - bir kilogramy 15 manatdan.




Mundan bir aý ozalky nyrhlar bilen deňeşdirilende pomidoryň, hyýaryň bir kilogramynyň bahasy bir manat möçberde, soganyň bahasy 0,5 manat gymmatlapdyr. Kartoşka bir manat arzanlapdyr, almanyň bahasy iki esse pese gaçypdyr. 


Türkmenistanyň bazarlarynda soňky birnäçe ýylyň dowamynda goşa nyrhlar saklanýar. Azyk önümleri häkimiýetler tarapyndan kesgitlenen bahalardan has gymmat satylýar. Söwdagärleriň sözlerine görä, kesgitlenen resmi bahalar girdeji getirmän, söwdanyň manysyny gaçyrýar. Geçen ýylyň güýzünde häkimiýetler bazarlardaky nyrhlara gözegçiligini güýçlendirip, resmi taýdan görkezilen bahalardan haryt satdyrmak üçin söwdagärlere basyş görkezdi. 


Iýun aýynyň başynda Aşgabadyň bazarlarynda bazar administrasiýalary harytlaryň bahalaryny görkezýän nyrhnamalary asyp başlady, ýöne bu resmi bildirişlerde harytlaryň ençemesiniň bahasy hakyky bahalardan pes  görkezildi.







Munuň bilen bir wagtda-da, ýurduň döwlet dükanlarynda häkimiýetleriň kesgitlän bahasyndan satylýan un, pagta ýagy, tüwi we şeker ýaly azyk önümleriniň ilat üçin elýeterliligi çäklendi hem uly nobatlar döredi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *