Türkmen ýaşlaryny zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmak isleýärler
Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasy we şu maksatnamany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.
TDH-niň berýän maglumatyna görä, 14-nji iýunda bu baradaky degişli karara prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gol goýupdyr.
Resmi media bu kararyň ýaşlaryň hünär taýýarlygyny we iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen kabul edilendigini aýdýar.
Maksatnamanyň we meýilnamanyň jikme-jikleri barada başga hiç hili goşmaça maglumat berilmedi, olaryň teksti hem çap edilmedi.
Türkmen resmileri ýurtdaky işsizlik boýunça hiç hili sanlary bermeýärler; türkmen mediasynda hem işsiz raýatlaryň, hususan-da ýaşlaryň ykballary barasynda hiç hili söz açylmaýar.
Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanlylar ýaşlaryň işsizlik sebäpli gaty gözgyny ýagdaýlary başdan geçirýändiklerini gürrüň berýärler.