Ysraýylyň premýer-ministriniň aýaly jerime tölemeli edildi
Ysraýylyň premýer-ministriniň aýaly, döwlet serişdelerini nädogry ulanmakda günäli bilnip, 15 müň dollar çemesinde jerime tölemäge höküm edildi.
Iýerusalimdäki sud 16-njy iýunda Sara Netanýahuyň 100 müň dollar möçberindäki döwlet serişdesini gymmatbaha naharlara harçlamak bilen nädogry harçlandygy barada aýdylýanlary boýun alyp, prokurorlar bilen gelen ylalaşygyny kabul etdi.
Döwler prokuratura edarasy premýer-ministr Benýamin Netanýahuyň aýalynyň, premýeriň resmi ýaşaýan ýerinde aşpeziň bardygyna garamazdan, kaşaň restoranlarda harçlan artykmaç serişdeleri sebäpli, bu işiň ýapylmagy üçin goşmaça jerime tölejekdigini aýtdy.
Öz adamsynyň ýokary wezipe ygtyýarlyklary mahalynda hemişe ýanynda bolan Sara Netanýahu geçen ýyl galplyk we ynamdan gaçmak aýyplamalarynda aýyplandy.
Ysraýylyň premýer-ministri aýry-aýrylykda birnäçe korrupsiýa aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz dur.