Eýran ýadro ylalaşygy boýunça alan borçlaryny ýene kemeltjekdigini aýdýar
Behrouz Kamalwandi uranyň “ýurduň mätäçligine görä” baýlaşdyryljakdygyny hem sözüne goşdy.
Mundan iki gün öň, Eýranyň prezidenti Hassan Rohani öz ýurdunyň bu ylalaşyga gol çeken beýleki döwletlerden “oňyn yşaratlar” gelmese, Tähranyň dünýä döwletleri bilen baglaşan ýadro ylalaşygy boýunça alan borçlaryny ýerine ýetirmegini kemeltjekdigini aýtdy.
Eýran maýda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Birleşen Ştatlary ylalaşykdan çykarmak we sanksiýalary gaýtadan girizmek baradaky kararyna jogap edip, käbir borçlaryny ýerine ýetirmegi togtatdy.