SIPRI: Dünýäniň ýadro arsenaly kemelýär, emma geljek nämälimligine galýar
Stokgolmyň Halkara Parahatçylyk Ylmy-Barlag Institutynyň, ýagny SIPRI-niň täze ýaýradan ýyllyk hasabatynda 2019-njy ýylyň başynda Russiýanyň, ABŞ-nyň we beýleki ýedi döwletiň eýeçiliginde 13 müň 865 ýadro ýaragynyň bolandygy nygtalýar.
2018-nji ýylda bu görkeziji 14 müň 465-e deň bolupdy.
Munuň esasan – dünýädäki ähli ýadro ýaraglarynyň 90%-ine eýe bolan – Russiýa bilen ABŞ-nyň strategiki ýadro ýaraglaryny azaltmagynyň netijesinde mümkin bolandygy bellenilýär. Bu iki ýurduň arasyndaky Täze START atlandyrylýan ylalaşygyň çäginde amala aşyryldy.
Topar ylalaşygyň, taraplar öz aralarynda ylalaşmasalar, 2021-nji ýylda tamamlanjakdygyna ünsi çekýär.
“Täze START ylalaşygynyň möhletini uzaltmak ýa-da täze şertnamany baglaşmak barada gepleşikler alnyp barylmaýar” diýip, SIPRI-niň Ýadro ýaragsyzlandyrma bölüminiň direktory Şannon Kile maglumat berdi.