Dagystanda žurnalist deslapky tussaghana höküm edildi
Mahaçkalanyň sudy Abdulmumin Gajiýewi iki aý deslapky tussaghana ýerleşdirmek barada höküm çykardy. Gajiýewiň aklawçysy öz müşderisiniň sud diňlenişiginde bildirilýän aýyplamalary inkär edendigini aýtdy.
Garaşsyz “Çernowik” neşiriniň habarçysy Gajiýew 14-nji iýunda tussag edilipdi. Polisiýa onuň öýünde gözleg geçirip, kompýuterlerini we mobil telefonlaryny ele geçiripdi.
Oňa “Yslam döwleti” ekstremistik topary üçin maliýe serişdelerini toplamaga hemaýat bermekde hem aýyplama bildirildi.
Düýbi Dagystanda ýerleşýän “Çernowik” neşiri habarça bildirilýän aýyplamalary ret etdi.