Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabatda yssyda ençeme jaýyň ýaşaýjylary suwsuz galdy

7-nji iýulda Aşgabatda ýaşaýyş jaýlara suw akdyrýan turbalaryň biriniň ýarylmagynyň netijesinde ençeme jaýyň ýaşaýjylary günüň dowamynda suwsyz galypdyr. 


- Kemine köçesindäki öňki 'stekolka' [aýna zawodynyň] golaýynda irden agyz suwuny akdyrýan turba ýaryldy we häzire çenli sagat 18:00 çenli bejermediler, tutuş etrap suwsuz - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 7-nji iýulda öýlän habar berdi. Mundan iki sagat geçen soň turba bejerilipdir we jaýlaryň suw üpjünçiligi ýola goýlupdyr. 


- Turba irden ýaryldy, suwy 20:00-dan soň berdiler. Tutuş günläp bejerdiler, könelişen sistemany barlap, sazladylar - diýip, habarçymyz aýdýar. 




Habarçymyzyň sözlerine görä, günüň dowamynda suwsuz galan ýaşaýjylar, häkimiýetler tarapyndan suw bilen üpjün edilmändir. Ozaky ýyllaryň tejribelerine görä, ýaşaýyş jaýlarda suw üpjünçiliginiň kesilen ýagdaýynda agyz suwy ýörite awtoulaglar bilen getirilip, ýaşaýjylara paýlanýardy.


7-nji iýulda Aşgabatda howa 40 gradusa çenli gyzypdyr. 


Azatlyk Radiosynyň habarçylary we garaşsyz habar çeşmeleri Aşgabadyň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda suwuň yzygiderli kesilýändigini, käbir ýagdaýlarda infrastrukturanyň könelmeginiň muňa sebäp bolýandygyny habar berýärler. ​




Habarçylarymyzyň sözlerine görä, suw üpjünçiligindäki problemalar bilen bir wagtda, kanalizasiýanyň näsazlygy meselesi hem şu günler köpçüligi bimaza edýär. 


- Köp ýerde, hem köne, hem-de täze etraplarda kanalizasiýanyň ysy duýulýar. Barysy çüýräp, ýarylýar, akyp durýar, şol sanda ýerzeminlerde. Köne kanalizasiýanyň ýakymsyz ysy tutuş şäherde duýulýar, şol sanda Parahat 7/2 ýaly täze etraplarda - diýip, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri aýdýar.


Türkmenistanda täze we gymmatbaha gurluşyklaryň alnyp barylýan wagtynda şäheriň ýaşaýjylary ýaşaýyş jaýlaryň infrastrukturasynda ýüze çykýan kemçilikler bilen bagly dürli oňaýsyzlyklary başdan geçirýärler. 







Ýyllar boýy paýtagtyň ýaşaýjylary tomus suwsuz we toksuz kösenýärler, gyşda ýyladyş sistemasynyň, gazyň we elektrik togunyň öçüp durmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.   


Ýagyşlardan soň köçelerde, binalaryň ýerzeminlerinde we jaýlaryň birinji gatlarynda suw jemlenýär.


Munuň bilen bir wagtda-da, Türkmenistanda öý hojalyk hyzmatlarynyň hiliniň gowşaklygyna garamazdan, soňky dört ýylyň dowamynda olaryň nyrhy 60 esse göterildi.    


Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň gündeki durmuşynda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary häkimiýetler tarapyndan açyk agzalmaýar, milli habar beriş serişdelerinde gozgalmaýar. 




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *