Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ-nyň zähmet sekretary ýaşlar bilen jynsy gatnaşyga giren tüçjaryň işi sebäpli işden çekildi

ABŞ-nyň zähmet sekretary Aleksander Akosta özüniň işden çekilýändigini yglan etdi. Bu karara onuň metbugatda prokuror bolup işlän wagtynda kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen jynsy gatnaşyga girmekde aýyplanan milliardere ýumşak daramakda berk tankyt edilmegi sebäp boldy. 


Prezident Donald Tramp onuň işden çekilmek baradaky arzasyny kabul etdi. Onuň sözlerine görä, zähmet sekretarynyň işden çekilmegi milliarder Jefriý Epşteýniň kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen jynsy gatnaşyk edendigi baradaky aýyplamalar bilen bagly. 


Akosta 2007-nji ýylda, Floridada okrug prokurory bolup işleýän wagtynda Epşteýne pidalary bilen töleg ylalaşygyny baglaşmaga kömek etdi.


Akostanyň professional terjimehalynda on ýyl mundan gowrak ozal waka 6-njy iýulda amerikan milliarderi we maliýeçisi Jefriý Epşteýniň jynsy jenaýatlar bilen baglylykda tussag edilmegi netijesinde metbugatyň ünsüni özüne çekdi. Epşteýiniň garşysyna adam söwdasy boýunça hem aýyp bildirildi. 


Epşteýne 2008-nji ýylda Floridada, Akostanyň federal prokuror bolup işleýän ýerinde hem şeýle aýyp bildirildi. Şol gezek bu iş prokurorlaryň we Epşteýniň suddan öňki ylalaşygy bilen tamamlandy.


Ol jynsy jenaýatçy hökmünde hasaba alyndy, pidalara kompensasiýa töledi we13 aýlap okrug türmesinde saklanmaly edildi. Şol bir wagtda onuň tussaglyk wagtynda hepdede 6 gün işe çykmak mümkinçiligi boldy. 


Zähmet sekretaryny prokuror wagtynda çykaran kararynyň aýyplanýan üçin aşa eglişikli bolmagynda tankyt etdiler.


Akosta dördünji gün guralan metbugat ýygnagynda munuň Epşteýni jezalandyrmagyň iň real usuly bolandygyny, ýogsa baý maliýeçiniň hiç bir jezasyz hem sypmagynyň ahmaldygyny düşündirmäge çalyşdy. Emma onuň bu düşündirişi metbugatda täze tankyt tolkunlarynyň turmagyna sebäp boldy.


Şeýle-de Akostany Epşteýni bildirilen aýyplamalar boýunça jogapkärçilige çekilmejekdigi baradaky ylalaşygyň düzgünleriniň gizlinlikde saklanmagynda tankyt etdiler. Federal sud fewralda prokurorlaryň ylalaşygy ýaşyryn saklap, pidalaryň hukuklaryny bozandyklaryny yglan etdiler. 


Akostanyň işden çekilmegi garaşylmadyk waka boldy, sebäbi prezident Tramp bi gün ozal oňa goldaw bildirdi. Prezident ikinji gün Akostany “ajaýyp” sekretar hökmünde häsiýetlendirdi we 2007-nji ýylda Epşteýniň işi boýunça karary diňe Aleksander Akostanyň däl, beýleki adamlaryň hem kabul edendigini ýatlatdy.


Alekander Akosta 12-nji iýulda Ak tamyň daşynda, Tramp bilen ýanaşyk durup, öz hereketlerini gorady, emma özünden ünsi sowmak we ony ýurduň “haýran galdyryjy ykdysadyýetine” gönükdirmek üçin işden çekilýändigini aýtdy.


Epşteýn Trampyň we ozalky prezident Bil Klintonyň atlaryny öz dostlarynyň arasynda agzady, emma Tramp şu hepde milliarderden özüni çete çekip, onuň bilen 15 ýyl çemesi wagt bäri gürleşmändigini, şeýle-de özüniň hazir türmä basylan Epşteýn bilen hoşlughynyň bolmandygyny aýtdy. Klinton hem özüniň Epşteýniň edýän işlerinden bihabar bolandygyny aýtdy.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *