Bangladeşiň ozalky harby diktatory 91 ýaşynda aradan çykdy
Ozalky prezident dürli garrylyk kesellerinden ejir çekýärdi we iýunyň aýagynda hassahana ýerleşdirildi.
Ozalky goşun başlygy we prezident ýurda dokuz ýyl, 1982-nji ýyldan 1990-njy ýyla çenli ýolbaşçylyk etdi.
1990-njy ýylda köpçülikleýin halk protestleri netijesinde prezidentlikden çetleşdirilip, türmä basylan hem bolsa, Erşad Bangladeşiň gowgaly syýasy sahnasynda soňuna çenli aktiw galmagy başardy.
Ol häzirki parlamentde oppozisiýanyň lideri boldy.