Rus aktiwisti Estemirowanyň öldürilmeginden bäri 10 ýyl geçdi
Adam hukuklaryna gözegçilik edýän halkara toparlary mundan 10 ýyl ozal rus-çeçen aktiwisti Natalýa Estemirowanyň alnyp gaçylmagy we öldürilmegi bilen baglylykdaky jogapkärleri adalata çekmändigi üçin Russiýany tankytladylar.
Estemirowa 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda Russiýanyň Demirgazyk Kawkazdaky Çeçenistan respublikasynyň paýtagty Groznyda alnyp gaçylypdy. Ertesi güni onuň jesedi goňşy Inguşystandan tapyldy.
Estemirowanyň işlän “Memorial” merkezi, şeýle-de adam hukuklary boýunça rus we halkara guramalarynyň 11-si 14-nji iýulda beýanat ýaýradyp, onda rus resmileriniň “hiç tarap tutmadan, garaşsyz derňewi geçirmegine we jenaýat bilen baglylykdaky jogapkärleri adalata çekmegine” çagyrdylar.
“Human Rights Watch” we “Amnesty International” guramalary 15-nji iýulda beýanatyň iňlisçe görnüşini çap etdiler.
Estemirowa “Memorial” merkeziniň Çeçenistandaky edarasyny dolandyrypdy. Ol Demirgazyk Kawkazdaky, hususanda Çeçenistandaky adam hukuklarynyň bozulmagy barada ýazan işleri bilen giňden tanalypdy.