“Gülençidigi” öýdülip tussag edilenleriň biri türkmen türmesinde öldi
Türkmenistanda türk ruhanasy Fethullah Güleniň “Hyzmat” hereketi bilen ilteşikli bolmakda güman edilip, ýyl kesilendigi aýdylýan mugallym Eziz Hudaýberdiýewiň türmede aradan çykandygyny, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi tassyklady.