Kabul uniwersitetiniň daşyndaky partlama azyndan sekiz adamy öldürdi
Ministrligiň sözçüsi Dr. Wahidullah Mayar 19-njy iýulda 33 adamy ýaralanyp, hassahana ýerleşdirilendigini hem sözüne goşdy.
Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan tapylmady. Şeýle-de onuň janyndan geçen bombaçy ýa-da daşdan partladylýan bomba bolandygy hem anyk däl.
Kabul polisiýasynyň başlygynyň sözçüsi Ferdous Faramarz partlamadan soň dörän ýangynda iki awtoulagyň otlanandygyny, polisiýanyň bu ýeriň golaýyndaky ikinji bombany zyýansyzlandyrandygyny aýtdy.
Bu partlama studentleriň synaga garaşyp duran ýeriniň golaýynda boldy.
18-nji iýulda “Talyban” Kandahardaky polisiýa edarasynyň daşky derwezesinde iki sany ulag bombasyny partladyp, 12 adamy öldürdi, 90 adamy ýaralady.