Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Britaniýa Eýrana 'howply ýodany' saýlaýan bolmagynyň ahmaldygyny duýdurýar

Britaniýanyň daşary işler sekretary Jeremy Hunt Eýran 19-njy iýulda Pars aýlagynda britan baýdakly tankeri tussag edeninden soň, bu ýurduň saýlap alan “howply ýodasyndan” özüniň alada galandygyny bildirdi.


"Aýlakda düýn edilen hereket Eýranyň Siriýa barýan nebit ýüki Gibraltarda KANUNY saklanandan soň bikanun we durnuksyzlaşdyryjy ýodany saýlap alan bolmagynyň ahmaldygy baradaky aladaly alamaty görkezýär” diýip, Hunt 20-nji iýulda twitterde ýazdy. 


"Biziň reaksiýamyz oýlanyşykly, emma berk bolar” diýip, Hunt twitterde Britaniýanyň öz ýükleriniň howpsuzlygyny üpjün etjekdigini hem sözüne goşdy.


Birz öň Hunt,  Eýran strategik Hormuz bogazynda britan nebit tankerini tussag edeninden soň, öz ýurdunyň “harby çärelere” däl-de, diplomatiýa ýykgyn edýändigini aýtdy.


"Bu ýagdaý örän basym düzelmese, munuň çynlakaý netijeleriniň boljagy açyk” diýip, Hunt 19-njy iýulda žurnalistlere aýtdy.


Ol Londonyň “harby çäreleri görmekçi bolmaýandygyny” we özleriniň bu ýagdaýy düzetmek üçin diplomatiýa daýanmakçydygyny hem sözüne goşdy.


Hunt ýakyn günlerde, Konserwatiw partiýanyň liderliginden çekilenden soň, premýer-ministr Tereze Meýiň ornuna geçmegine garaşylýan kandidatlaryň biri bolup durýar.


Emma muňa garamazdan, bu wezipäni ozalky daşary işler sekretary Boris Johnson eýeler öýdülýär.


Britan resmileri we olaryň ABŞ ýarany 19-njy iýulda, Eýran britan nebit tankerini dünýäniň iň bir strategik söwda ýükleri ýolunda tussag edeninden soň, Eýranyň hereketlerini ýazgaryp çykyş etdi.


Eýranyň yslamçy rewolýusiýa goragçylary gwardiýasy 19-njy iýulda Britaniýanyň “Stena Impero” tankerini, hamala halkara deňiz düzgünlerini sylamazlykda aýyplap, Hormuz bogazynda tussag etdi.


Eýranyň ýarym resmi “Fars” habar gullugy 20-nji iýulda “Stena Imperonyň” tussag edilmezinden öň bir balykçy gämisi bilen bagly hadysa uçrandygyny aýtdy.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *