Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Moskwada oppozision kandidatlaryň gadagan edilmegi sebäpli gahar-gazap bildirilýär

Resmiler garaşsyz kandidatlaryň käbirine gadaganlyk girizenden soň, rus oppozisiýa liderleri Moskwada azat we adalatly saýlawlary talap edip, müňlerçe adamy proteste çykardylar.


Ýerli saýlawlarda garaşsyz kandidatlara girizilenine gadaganlyk syýasy protest hereketine täze bir janlanma getirene meňzeýär.


20-nji iýulda merkezi Moskwadaky ýygnanyşyga 20 müňden gowrak adam gatnaşdy, olar oppozisiýadaky kandidatlaryň sentýabrda şäher geňeşine geçiriljek saýlawlarda bäsleşige gatnaşdyrylmagyna rugsat berilmegini talap etdiler. Bu barada protest hereketine gatnaşygy yzarlaýan Ak sanawçy jemgyýetçilik topary habar berdi. 


Polisiýa proteste gatnaşanlaryň sanyny 12 müň adam diýip görkezdi.


“Men 2012-nji ýyldan bäri meýle köp adamly ýygnanyşygy görmändim. Men onlarça müň moskwalynyň ümsüm oturman, kemsitmäni sessiz ýuwutman, protest bildirmäge çykandygyna hoşwagt boldum” diýip, oppozisiýa wekili Alekseý Nawalnyý twitterde ýazdy.


Nawalnyý Moskwada 2011-nji ýylyň aýagynda we 2012-nji ýylda, köpler tarapyndan galplaşdyrylan diýlen parlament saýlawlaryndan soň, bir topar proteste ýolbaşçylyk etdi.


Bu protestler rus prezidenti Wladimir Putin 1999-njy ýylda häkimiýeti ele alyp, soňky bilen raýat jemgyýetini basyp ýatyryp, gelýän birnäçe ýylda raýatlary susmaga mejbur edeli bäri iň uly protest hereketleri boldy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *