Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gazagystandaky konferensiýada aýallaryň bir topary žurnalistlere hüjüm etdi

Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwistleriň guramalaşdyran habar konferensiýasy barada maglumat taýýarlaýan žurnalistlere aýallaryň bir topary tarapyndan hüjüm edildi. 


Utgaşykly guramalaşdyrylan ýaly bolup görünýän hüjümde gowy türgenleşdirilen, fiziki taýdan güýçli görünýän ortaça 20 sany aýal 22-nji iýulda Gazagystanyň Adam hukuklary býurosynyň baş edarasynda geçirilen metbugat konferensiýasyna kürsäp girdi.


Bu konferensiýada adam hukuklaryny gorap çykyş edýän hökümete degişli bolmadyk gurama Gazagystanda gadagan edilen oppozision toparyň agzasy bolmakda güman edilip, türmä basylan üç aýalyň ykbalyna ünsi çekmäge synanyşýardy.


Hüjümçiler žurnalistleri urup-ýenjip, olaryň enjamlaryny döwüp-ýenjende, rus dilinde “wideo düşürmäň” diýip gygyrdylar.


Wakada hüjüme sezewar bolan žurnalistleriň arasynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR), hususy eýeçilikdäki Almaty TV tele-ýaýlymynyň we hususy eýeçilikdäki KazTAG habar agentliginiň habarçylary we operatorlary bardy.


Wakada AÝ/AR-nyň habarçysy Nurgul Tapaýewa urlup-ýenjildi we AÝ/AR-nyň operatory Tokmolda Kusainowyň enjamlaryna zeper ýetirildi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *