Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabadyň etegindäki obalarda agyz suwy ýok

Aşgabadyň çetinde ýerleşýän obalaryň ýaşaýjylary içimlik suwsuz galýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary, hususan-da Aşgabadyň düzümine girýän Gökje, Ýasmansalyk we Herrikgala obalaryndaky häzirki ýagdaý barada habar berýärler.  


"Aşgabadyň günbatar böleginde Gökje obasy bäş gün bäri suwsuz galýar. Ýaşaýjylar suwy ýoly düşen ýagdaýynda alýarlar. Awtoulagy bolmadyklaryň güni has agyr. Häkimligiň etraba jogapkär resmisi suw üpjünçiligini ýakyn günlerde ýola goýmagy wada berdi" diýip, Azatlygyň habarçysy 22-nji iýulda habar berdi.


Ýasmansalyk we Herrikgala obalarynda agyz suwy eýýäm ençeme wagt bäri çäkli görnüşde berilýär.  




"Suwy irden iki sagat 7-den 9-a çenli berýärler, agşam iki sagat 19-21 sagat aralygynda berýärler. Kimiň näme gaby bar bolsa suwy guýup goýýarlar, käbirler öz howlusynda [suw ýygnamak] üçin çukur gazyp, gyralaryny beton bilen bejerip goýýar. Käbiri 10 tonnalyk, käbiri 20 tonnalyk howdan ýerleşdiripdir" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar. 


Onuň sözlerine, Ýasmansalyk we Herrikgala obalarynda 6 müňe golaý maşgala ýaşaýar. 


​Azatlyk Radiosy agzalan obalardaky suw ýetmezçiligi barada paýtagtyň häkimliginden we etrap administrasiýalarynda kommentariý alyp bilmedi. 


Habarçylarymyzyň sözlerine görä, suw ýetmezçiliginden Aşgabadyň beýleki bölekleriniň ýaşaýjylary we paýtagtyň etegindäki obalaryň ýaşaýjylary hem kösenýärler. 


"Agyz suwy ýetmezçilik edýär. Ýaşaýjylar ekin ekip hem bilmeýärler. Sebäbi suwaryş üçin suw ýetenok. Ýer boş galýar" diýip, ýerli habarçymyz aýdýar.







Ýaňy-ýakynda Aşgabadyň merkezi böleginiň ýaşaýjylary yssyda tutuş günüň dowamynda içimlik suwsuz galdylar.


Habarçylarymyzyň 7-nji iýulda habar bermegine görä, Aşgabatda ýaşaýyş jaýlara suw akdyrýan turbalaryň biriniň ýarylmagynyň netijesinde ençeme jaýyň ýaşaýjylary günüň dowamynda suwsyz galypdyr. 




Tutuş günüň dowamynda suwsuz galan ýaşaýjylar, häkimiýetler tarapyndan suw bilen üpjün edilmändir. Ozaky ýyllarda, ýaşaýyş jaýlarda suw üpjünçiliginiň kesilen ýagdaýynda agyz suwy ýörite awtoulaglar bilen getirilip, ýaşaýjylara paýlanýardy.​


Türkmenistanda täze we gymmatbaha gurluşyklaryň alnyp barylýan wagtynda şäheriň ýaşaýjylary ýaşaýyş jaýlaryň infrastrukturasynda ýüze çykýan kemçilikler bilen bagly dürli oňaýsyzlyklary, şol sanda suw üpjünçiliginiň we elektrik energiýasynyň kesilip durmagyny başdan geçirýärler.


Aşgabadyň çetinde ýerleşýän obalaryň ençemesi soňky ýyllarda paýtagtyň düzümine girizilipdi. Hususan-da, Gökje we Herrikgala obalary Türkmenistanyň administratiw-territorial birligi hökmünde 2013-nji ýylda ýok edildi we Aşgabadyň düzümine girdi. 


Emma bu obalaryň territorial statusynyň üýtgemegi olaryň infrastrukturasynyň hiline täsir ýetirmedi we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmady.  


Ýyllarboýy paýtagtyň ýaşaýjylary tomusda suwsuz we toksuz kösenýärler, gyşda ýyladyş sistemasynyň, gazyň we elektrik togunyň öçüp durmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Ýagyşlardan soň köçelerde, binalaryň ýerzeminlerinde we jaýlaryň birinji gatlarynda suw jemlenýär.


Munuň bilen bir wagtda-da, Türkmenistanda öý hojalyk hyzmatlarynyň hiliniň gowşaklygyna garamazdan, soňky dört ýylyň dowamynda olaryň nyrhy 60 esse göterildi.


Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň gündeki durmuşynda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary häkimiýetler tarapyndan açyk agzalmaýar, milli habar beriş serişdelerinde gozgalmaýar.




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *