Pakistan harbylary ekstremistleriň 10 esgeri öldürendiklerini aýdýar
Pakistanyň harbylary Demirgazyk Waziristanda we Bulujystanda jeňçileriň aýry-aýrylykda hüjüm edip, azyndan 10 esgeri öldürendiklerini aýdýar.
Ilkinji hüjümde, 27-nji iýulda ekstremistler owgan serhediniň beýlesinden Demirgazyk Waziristan tire etrabynda patrulçylyk edip ýören esgerleri oka tutanlarynda, alty esger öldürildi.
Pakistanyň “Talybany”, bu sebitdäki öňki hüjümlerde bolşy ýaly, bu hüjümiň jogapkärçiligini hem öz üstüne aldy.
Demirgazyk Waziristan uzak wagt bäri “Talybanyň” we beýleki jeňçileriň mesgeni bolup durýar.