Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabadyň 10-njy etrapçasynda bolan partlama barada näme anyklandy?

Aşgabadyň 10-njy etrapçasynda bolan partlama barada näme anyklandy?

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň şaýatlara salgylanyp berýän maglumatlaryna görä, 16-njy iýulda paýtagtyň 10-njy etrapçasyndaky ýaşaýyş jaýda bolan partlama zerarly azyndan ençeme adam heläk bolupdyr.   

Partlan jaýyň we goňşulykdaky jaýlaryň ýaşaýjylarynyň gürrüň bermegine görä, partlamanyň yzýany diňe birinji günüň dowamynda halas edijiler harabalykdan azyndan 20 jeset çykarypdyr. Halas ediş işleri bäş günüň dowamynda geçirilipdir. 

- Adamlar haltalara salnan jesetleriň çykarylandygyny gördüler, soňam ýene tapyp çykardylar. Golaýda Daşoguz bazary bar, köpler şol ýerde resmi we resmi bolmadyk görnüşde işleýärdi. Birinji gatda toýa gelen myhman köpdi. Gelin hem heläk bolupdyr. Jaýyň bir tarapynda uly weýrançylygy görmek mümkin, beýleki tarapynda 1-nji we 3-nji gatlarda köp görünmeýär. Soňky jesedi bäş günden çykardylar - diýip, habarçymyz 29-njy iýulda habar berdi. 

Azatlyk Radiosy partlamaly wakanyň alty şaýady bilen gepleşip bildi. 

- Jaýyň bir böleginiň aşagynda uzak wagtlap bir çaganyň aglandygyny gürrüň berdiler, emma ony halas edip bilmediler. Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň ukyby ýeterlik bolmandyr - diýip, habarçymyz jaý partlamasyna şaýat bolan adamlara salgylanyp habar berdi. 

Azatlyk Radiosynyň Aşgabadyň häkimliginden we Içeri işler ministrliginden resmi maglumat almak boýunça eden ençeme synanyşygy häzirlikçe netije bermedi. 

Aşgabadyň 10-njy etrapçasynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýda partlama 16-njy iýulda boldy. Şonda turkmen.news neşri adam pidalarynyň bolandygyny habar beripdi.

Soňra partlama dörän öýüniň eýesiniň aradan çykandygy, onuň aýalynyň ýagdaýynyň agyrdygy mälim boldy. 

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, betbagtçylyk ýüze çykansoň ýaşaýjylardan jaýy terk etmek soralypdyr.

- Diri galanlar üçin howluda çadyrlary dikdiler, emma sowadyjy bolmansoň, olaryň içinde galar ýaly däldi. Goňşy jaýlaryň ýaşaýjylary olara suw, azyk we geýim eltip berdiler. Köpler öz emläginden mahrum boldy - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýdýar. 

​Mundan öň Türkmenistanyň hökümetçi saýtlarynyň biri parlamadan ejir çeken ýaşaýjylara döwlet tarapyndan kömek we jaý berlendigini habar berip, wideo ýerleşdirdi. Emma şol reportažda partlamanyň pidalary we weýrançylygy agzalmady.   

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri, partlamada heläk bolanlary gözlemek işleriniň jaýda resmi hasaba alynmadyk adamlaryň ençemesiniň ýaşandygy sebäpli agyrlaşandygyny aýdýarlar. Häzirki wagtda Aşgabadyň häkimiýetleri ýerli ýaşaýjylary hasaba almak boýunça çäre geçirýärler.

- Häzir tutuş etrapçada "ilat ýazuwy" ýaly barlag geçirýärler we propiskasyz ýaşaýanlary anyklaýarlar. Ejir çeken maşgalanyň resmi nikadan geçmändigi anyklanypdyr we indi resmi nikadan geçmedik maşgalalary hem gözlemek işlerine has çynlakaý girişdiler. Ýagdaýlaryň birinde çagaly zenany öýünden çykardylar, şol bir wagtyň özünde-de onuň graždan adamsy we çagalarynyň kakasy häzir türmede, onuň özi bolsa, indi çagalary bilen köçede galdy - diýip, habarçymyz aýdýar. 

Garaşsyz habar serişdeleri ýaşaýyş jaýda bolan partlamanyň bolup biljek sebäpleriniň arasynda gazyň syzmagyny öňe sürüpdi.

Aşgabadyň 10-njy etrapçasynda ýaşaýyş jaýda bolan partlamanyň käbir şaýatlary partlama dörän öýüň eýeleriniň mundan öň birnäçe gezek gazyň ysynyň gelýändigini aýdyp, gaz edarasyna jaň edendiklerini, emma hiç kimiň gelmändigini aýdýarlar. 

Şol bir wagtda-da, habarçylarymyzyň sözlerine görä, partlamadan soň Aşgabadyň häkimiýetleri ýaşaýyş jaýlardaky gaz ölçeýjilere öz gözegçiligini güýçlendiripdir.

- Öýlerde gaz ölçeýjileriň ýagdaýyny barlaýarlar munuň bilen bir wagtda-da "nädogry oturdylandygy" üçin jerime salýarlar, ýagny ölçeýjileri goýmaga zor bilen mejbur edilen wagtynda ussalaryň gurallary gyssagara pes hilli oturdandygy üçin ýaşaýjylara jerime salýarlar - diýip, habarçylarymyzyň ýene biri aýdýar. 

Türkmenistanda gaz ölçeýjileriň köpçülikleýin oturdylmagy, geçen ýylyň güýzünde ilata mugt gaz bermek boýunça ýeňillikleriň doly ýatyrylmagyndan soň başlanypdy. Şondan bäri ýaşaýyş jaýlarda gazyň syzmagy we ilatyň gaz edarasyna köpçülikleýin ýüz tutmagy barada ençeme gezek habar berilidi. 

Türkmenistanyň häkimiýetleri gazyň syzmagy bilen bagly ýagdaýlary, partlamalary we beýleki pajygaly wakalary açyk agzaman gelýärler. Bu ýagdaýlar barada döwlet mediasy hem habar bermeýär. 

Emma häzirki wagtda döwlet telewideniýesinde ilata gaz gurallaryny ulanmakda seresaply bolmak we gaz edaralaryna wagtynda ýüz tutmak barada yzygiderli duýduryş berilýär.

24-nji iýulda Aşgabatda we onuň eteginde bir gije-gündiziň dowamynda hem partlama, hem-de ýangyn boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we garaşsyz media serişdeleriniň habar bermegine görä, 11-nji etrapçada gaz turbasy ýarylypdyr, Aşgabadyň eteginde kagyz-karton öndürýän kärhana ýanypdyr. 

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Машинист электродепо «Красная Пресня» стал призером конкурса «Московские мастера»

В Шатуре прошел отчетный концерт коллективов ДК им Нариманова

Чумаков объяснил, почему семья Заворотнюк отказалась от последней терапии

Быстрее ожиданий: за счёт чего Россия вошла в четвёрку крупнейших экономик мира

Музыкальные новости

Олег Рой и Дарья Донцова высказались о необходимости масштабирования опыта Башкортостана в проведении книжных фестивалей

ONYX отправляется в Большой тур по России

Преступления мигрантов с рынков азербайджанского олигарха Года Нисанова продолжают шокировать Москву

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» спасает население от борьбы с перенаселением, 5 серия, СЕРЬЁЗНЫЙ НОВОСТНОЙ СЕРИАЛ.

Новости России

Стройготовность домов для переселенцев из аварийного жилья в Яхроме достигла 50%

СК арестовал обвиняемого в убийстве работницы трапезной в Сергиевом Посаде

Источник 360.ru: закрытую в машине москвичку спасли с затопленной парковки

Источник 360.ru: поезд в метро Москвы остановился после отключения электричества

Экология в России и мире

Ozon открывает новый фулфилмент-центр в Ставрополье

«585*ЗОЛОТОЙ» выступила партнером медиафестиваля творческой молодежи YOUPITER

Eleganzza весна-лето 2024

Стильные образы на лето, в которых вы покорите окружающих

Спорт в России и мире

Пресс-служба WTA мемом отреагировала на тяжёлую победу Свёнтек над Осакой

Синнер повторил достижение Джоковича и Надаля по победам на "Больших шлемах"

Вице-президент ФТР Селиваненко: у Рублева не пошла игра с Арнальди

Теннисистка Петрова: Карацеву не хватает игровой уверенности

Moscow.media

Денис Сафин перевел 100 миллионов рублей в фонд помощи пострадавшим от паводка

Жулан.

Лучший HR-бренд – «Грузовичкоф»

Распределяй и управляй: водители «Грузовичкоф Бизнес» – о преимуществах работы и трудовых буднях  







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *