Berdimuhamedow Hazar ykdysady forumynda çykyş etdi
12-nji awgustda resmi türkmen mediasynda görkezilen reportažda Berdimuhamedow rusça 20 minut töweregi söz sözledi. Reportažda onuň aýak üstünde durandygyny görse bolýardy.
20-nji iýulda türkmen sosial mediada soňra käbir rus dilli metbugat serişdelerinde Türkmenistanyň prezidentiniň ölendigi barada tassyklanmadyk maglumatlar peýda bolupdy.