Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Atambaýewiň rezidensiýasyndaky çaknyşyklarda ofiseri öldürmekde güman edilýän adam tussag edildi

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýewiň rezidensiýa toplumynda we onuň golaýynda bolan çaknyşyklar döwründe ýokary derejeli gyrgyz howpsuzlyk ofiserini atyp öldürmekde güman edilýän adam tussag edildi.


Aradan çykan polkownik Usenbek Niýazbekowyň hossarlaryna wekilçilik edýän aklawçy Kairat Zagibaýewiň 14-nji awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, şahsyýeti köpçülige mälim edilmeýän şübheli polisiýa tarapyndan ele salyndy.


7-nji awgustda Bişkegiň golaýyndaky Koi-Taş obasynda ýerleşýän Atambaýewiň rezidensiýa toplumynda geçirilen reýd döwründe, alty çaganyň kakasy Niýazbekow döşüne atylan ok zerarly aradan çykdy.


Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Gyrgyzystanyň Milli Howpsuzlyk baradaky döwlet komiteti bilen habarlaşanda, komitet ýurduň Içeri işler ministrliginiň wakany heniz hem derňeýändigini aýdyp, bu barada kommentariý bermegi ret etdi.


Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň resmileri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy beren maglumatynda şübheliniň tussag edilmegi baradaky maglumatyň bir az soň köpçülige mälim ediljekdigini aýtdylar.


Atambaýew iki gün dowam eden ýowuz gapma-garşylykdan soň, 8-nji awgustda özüni polisiýa tabşyrypdy. 


Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, gapma-garşylykda ýörite güýçleriň hataryndan bir gullukçy ölüpdir, başga-da 170 adam, şol sanda 79 ofiser ýaralanypdyr.


Atambaýewe beýleki aýyplamalar bilen birlikde resmi wekillere garşy gazaplylyk ulanmak, köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnamak, adam öldürmek synanyşygyna ýolbaşçylyk etmek we korrupsiýa aýyplamalary bildirilýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *