Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda azyk nyrhlary ýene ýokarlandy, haryt gytçylygy döredi

Türkmenistanda azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy we döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň gytçylygyň güýçlenmegi göze ilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda paýtagtda azyk önümleriniň ençemesi gymmatlapdyr, munuň bilen bir wagtda-da döwlet dükanlarynda ýumurtga, käşir, käbir welaýatlarda towuk budy satuwdan aýrylypdyr.


"Dükanlarda käşir ýok, hususy dükanlarda bolsa onuň bir kilogramy 6,6 manada satylýar. Döwlet dükanlarynda ýumurtga ýok boldy, hususy dükanlarda onuň her biri 0.8 manatdan satylýar" diýip, Azatlygyň habarçysy 15 awgustda habar berdi.   


Döwlet dükanlarynda käbir azyk önümleriniň ilata resmi taýdan kesgitlenen nyrhdan hödürlenmegi göz öňünde tutulýar. Şol bir azyk önümleriniň bazardaky we hususy dükanlardaky bahasy esli ýokary bolýar. 


Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, şu günler döwlet dükanlarynda satuwdan aýrylan ýumurtganyň bazardaky bahasy tas iki esse ýokary. Birnäçe gün mundan öň käşiriň bazardaky bahasy hem iki esse arzan bolup 3 manat töweregindedi. 







Paýtagt bilen bilelikde ýumurtganyň söwdasy Maryda hem çäklendirilipdir. Emma welaýatdaky habarçymyzyň sözlerine görä, bu ýerde towuk ýumurtgasyny käbir ýerli dükanlarda tapyp bolýar, ýöne hojalyklarda öndürlen towuk ýumurtgasy gyt haryda öwrülipdir.   


"Öýde öndürlen towugyň ýumurtgasy hiç ýerde ýok. Hususyýetçiler özlerine satmaga rugsat berilmeýändigini aýdýarlar. Bukulyp satýarlar. Meselem Marynyň gök bazarynyň golaýynda olar her kime satmak islemeýärler, diňe tanyşlaryna berýärler. Her ýumurtga 1.2 manadan, göze ilmez ýaly gara pakete salyp berýärler" diýip, Marydaky habarçymyz 15-nji iýulda habar berdi. 


Onuň sözlerine görä, şu günler Marynyň döwlet dükanlarynda towuk budy tapdyrmaýar, emma bu haryt "kesgitli nyrhdan" 20 prosent ýokary bahadan bazarlarda satylýar. 


Türkmenistanda soňky günlerde käbir harytlaryň gytalmagy bilen bir wagtda bahalaryň ýokarlanmagy göze ilýär.         


14-nji awgustda Azatlygyň habarçylary Aşgabadyň bazarlaryndaky nyrhlary öwrendiler. 







Olaryň sözlerine görä, kartoşkanyň 1 kilogramy 7 manada satylýar, pomidor - 5 manat, sogan -3, kelem 3-4 manat, hyýar - 4.5 manat, alma - 6-8 manat, apelsin - 35 manat, garaly -10 manat, nar - 35 we 85 manat aralygynda. 


Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar häzirki wagtda ýurtda azyk bahalarynyň ýokarlanmagyny Gurban baýramy bilen baglanyşdyrýarlar. Şol bir wagtda-da habarçylarymyz ýurtda 11-14-nji awgustda bellenen Gurban baýramynda ozalky ýyllardan tapawutlylykda toý şowhunynyň göze ilmändigini aýdýarlar we munuň sebäbini ilatyň maddy ýagdaýynyň agyrlaşmagy bilen baglanyşdyrýarlar. 


Türkmenistanda azyk önümleriniň bahasy geçen gezek iýul aýynyň başynda hökümetiň indiki ýyldan aýlyklary we pensiýalary ýokarlandyrmak planlaryny yglan etmeginiň yzýany duýarlykly derejede ýokarlanypdy.


Aýlyklar, pensiýalar, kömek pullary we stipendiýalar adatça her ýyl 10% ýokarlanýar, munuň bilen bir wagtda-da bahalar her gezek azyndan iki esse galýar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *