Elwis Presleýiň muşdaklary onuň ölüminiň 42-nji ýyldönümini belleýär
Elwis Presleý 1977-nji ýylyň 16-njy awgustynda 42 ýaşynda aradan çykypdy.
Aýdymçynyň dünýäniň çar künjeginden gelen muşdaklarynyň onuň Greýslanddaky öňki öýüne ýygnanmagy bilen, Elwis Presleýi ýatlamak çäresi her ýyl geçirilýär.
Elwis Presleý 20-nji asyryň aýdym-saz medeniýetiniň iň görnükli şahsyýetleriniň biri hasaplanýar.